Ysmaz keselli adam sütün öýjükleri bilen bejergiden soň aýaga galdy

  • 30.03.2025 20:16
  • 6.6k+

Professor Hideýuki Okanonyň ýolbaşçylygynda Keýo uniwersitetiniň alymlar topary sütün öýjükleri arkaly ilkinji gezek oňurgasy şikesli hassany aýaga galdyrdylar. Barlaga gatnaşyjylaryň biri - ysmaz keselli hassa indi goşmaça goldaw almazdan aýak üstünde durup bilýär.

Bu möhüm ylmy açyş barada Nature žurnalyna salgylanýan Medisina Xpress portaly habar berýär.
Barlagyň awtorlary nerw öýjüklerine öwürmek bilen indusirlenen plýuripotent sütün öýjüklerini (iPS) ulandylar. 2022-nji ýylda olar oňurga ýiliginiň zeper ýeten ýerine ýerleşdirildi.
Operasiýadan bir ýyl soň, operasiýa geçiren hassalarda çynlakaý  gaýra üzülmeler tapylmady. Barlaga dört adam gatnaşdy, olar şikesi bejergiden 14-28 gün öň alypdyrlar, hut şu möhlet bejergä başlamak üçin iň laýyk wagt hasaplanýar. Öň doly ysmaz bolan hassalaryň biri indi aýak üstünde durup bilýär we täzeden ýöremegi öwrenýär.
Okano toparyň netijelerinden hoşaldygyny we has uly kliniki synaglara geçmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol munuň oňurga ýiliginiň şikeslerinde iPS öýjüklerini ulanmak boýunça dünýäde ilkinji üstünlikli işdigini belledi.


20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......