Ginnesiň rekordlar kitaby dünýäde iň uzyn guýrukly pişigi hasaba aldy

  • 30.03.2025 18:38
  • 10k+

Minnesota ştatynyň Maund şäherinde meýn-kun tohumyna degişli özboluşly çal pişik ýaşaýar. Onuň ady Pagsli Addams bolup, bir aýratynlygy – kähalatlar oýnamaga-da päsgel berýän üýtgeşik uzyn guýrugy bar.

Ol eýýäm iki ýyl bäri Kemeronlar maşgalasy bilen ýaşaýar. Onuň hojaýynlary Addams maşgalasy baradaky multfilmiň muşdagy bolandygy üçin, pişige personažlaryň biriniň adyny dakypdyr.

“Haçan-da men ony ilkinji gezek weterinara äkidenimde, ol ofise girip, şeýle diýdi: “Bu örän uzyn guýruk!” Men şonda öz pişigime başgaça seretdim we bu, hakykatdanam, şeýlemi diýip pikir etdim” – diýip, Amanda Kemeron ýatlaýar.

Soňra maşgala Pagsliniň guýrugynyň uzynlygy barada ençeme gezek gürleşdi. Bir gün olar Ginnesiň rekordlar kitabyny barlamak kararyna geldi. Netijede, olaryň pişiginiň guýrugynyň öňki görkezijiden geçýändigi anyklandy.
Weterinarlar pişigiň guýrugyny ähli düzgünlere görä ölçedi. Onuň uzynlygy 18,5 dýuým ýa-da 46,99 santimetr boldy. Bu hem Pagslini häzirki wagtda ýaşaýan pişikleriň arasynda iň uzyn guýrugyň eýesine öwürdi.
Meýn-kunlar – bu öý pişikleriniň iň uly tohumy. Olaryň gür tüýi bolýar we olar 4-5 ýylda özüniň doly ululygyna ýetýär. Pagsli heniz ýaş, şol sebäpli onuň guýrugy ýene uzyn bolup biler.


18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....