Arkadag şäherinde Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi

  • 29.03.2025 17:30
  • 9.1k+

Şu gün Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahaty geçirildi.

Bu giň möçberli çärä Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hindistanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Pakistanyň Yslam Respublikasynyň, Awstriýanyň döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri  gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar.  
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döredilmeginiň 4 ýyllygy bellenilýän bu Gazna Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyryldy. 


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....