Täze «Garpamyk» IMDb-däki iň erbet filmleriň sanawyna girdi

  • 29.03.2025 13:31
  • 7.1k+

Disney-iň Reýçel Zegler we Gal Gadot bilen surata düşüren «Garpamyk» (Белоснежка) filminiň remeýki 21-nji martda prokata çykdy we tomaşaçylardan gaty pes baha aldy. Dünýäniň iň uly kino portaly IMDb-de bu filmiň reýtingi 28-nji marta çenli bary-ýogy 1,6 bal boldy (10 baldan).

Bu netijesi bilen «Garpamyk», tehniki taýdan IMDb ulanyjylarynyň pikirine görä, kino taryhyndaky iň ýaramaz 10 filmiň sanawynyň sekizinji ornuna ýerleşmeli. Emma film entek bu sanawa resmi taýdan girizilmedi. IMDb-niň administrasiýasynyň filmiň sanawa girizilmegini saklaýandygy çaklanylýar. Munuň sebäbi bolsa, ulanyjylaryň köpçülikleýin pes baha bermegi (rewýu-bombing) bilen baglanyşykly bolup biler.

IMDb ulanyjylarynyň pikirine görä, kino taryhyndaky iň erbet filmler:

  • «Smolensk» (Смоленск, 2016) — 1,2 bal
  • «Gözbagçy Daniel» (Волшебник Даниэль, 2004) — 1,2 bal
  • «Roždestwony halas ediş» (Спасти Рождество, 2014) — 1,3 bal
  • «Gije supermarketde» (Ночь в супермаркете, 2012) — 1,3 bal
  • «Dünýäni halas eden adamyň ogly» (Сын человека, который спас Мир, 2006) — 1,5 bal
  • «Elk*rtuk» (2015) — 1,5 bal
  • «Superçagalar: Wunderkindler 2» (Супердетки: Вундеркинды 2, 2004) — 1,5 bal
  • «Garpamyk» (Белоснежка, 2025) — 1,6 bal
  • «Şokoladly saryýagyz» (Блондинка в шоколаде, 2006) — 1,7 bal
  • «Manos: Ykbal elleri» (Манос: Руки судьбы, 1966) — 1,7 bal.

düýn 22:06
290

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......