Alymlar sakgyç çeýnelende näçe mukdarda mikroplastik ýuwudylýandygyny anykladylar

  • 29.03.2025 05:35
  • 6.6k+

Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary adamyň tebigy ýa-da sintetiki sakgyjy çeýneýän wagty näçe mikroplastik ýuwudýandygyny anykladylar.

Mundan ozal hünärmenler adamyň suw we iýmit arkaly hepdede bäş grama çenli mikroplastik ýuwudýandygyny hasaplaýardylar. Sakgyç 0,001 millimetrden 5 millimetr aralygyndaky plastik bölejikleriň ýene bir çeşmesi bolup durýar.
Sakgyç iýip bolmaýan elastik esasdan, tagam we ys berijilerden hem-de beýleki goşundylardan ýasalýar. Öndürijileriň aglabasy tygşytlylyk nukdaýnazaryndan  sintetiki polimerlerden ýasalan çeýneýiş esasyny ulanmagy makul bilýärler, emma käbirleri ösümliklerden alynýan polimerli tebigy wariantlary: mysal üçin, çikli ýa-da şepbigi ýa-da beýleki agaçlaryň şirelerini ulanýarlar.
Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri sintetiki sakgyjyň tebigy sakgyçdan has köp mikroplastikany bölüp çykarýandygyny çakladylar. Gipotezany barlamak üçin olar birnäçe laboratoriýa synaglaryny geçirdiler diýip, EurekAlert ýazýar.
Synagda birnäçe brendiň sakgyçlarynyň sintetiki we tebigy görnüşleri ulanyldy. Gatnaşan adam dürli wagtda - 2 minutdan 20 minut aralygynda nusgalary çeýnedi. Soňra alymlar mikroplastiki bölejikleri sanamak arkaly tüýküligi analiz etdiler.
Plastiki bölejikleri gyzyl reňke boýadylar we mikroskop astynda sanadylar ýa-da olaryň mukdary Furyer transformasiýa infragyzyl spektroskopiýanyň kömegi bilen  seljerildi.
Orta hasap bilen bir gram sakgyçda takmynan 100 bölejik, käte 600-e çenli bölejik bardy. Alty grama çenli agramly bölekden 3000-den gowrak bölejik çykdy. Eger adam ýylda ortaça 160-180 sakgyç plastinkasyny çeýnese, ýylda 30 000 töweregi mikroplastiki bölejigi ýuwdup biler.
Ylmy işiň netijeleri bilen San-Diýegoda (ABŞ) geçirilen Amerikan himiýa jemgyýetiniň ACS Spring 2025 konferensiýasynda tanyşdyryldy.


28.06.2026 20:31
4.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2.1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
5.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......