Rigada türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi

  • 28.03.2025 19:19
  • 4.5k+

26-njy martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Latwiýa amala aşyran iş saparynyň çäginde Döwlet sekretarynyň orunbasary – Latwiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň syýasy direktory Iwars Lasis bilen türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Geňeşmeleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň, forumlaryň we sergileriň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga itergi berýändigi nygtaldy.
Taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) goşulmagy bilen baglanyşykly Latwiýanyň tejribesini ulanmak mümkinçiligini aýratyn ara alyp maslahatlaşdylar.
Ykdysady, senagat, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi. Şu nukdaýnazardan taraplar ulag we ýokary tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.
Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem taraplar parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge özara ygrarlylyklaryny tassykladylar.


şu gün 07:42
746

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......