Samsung äýneksiz üç ölçegli şekilleri döredýän «Odyssey 3D» monitoryny hödürledi

  • 28.03.2025 05:37
  • 2.5k+

Samsung kompaniýasy oýun oýnamak üçin niýetlenen «Odyssey 3D» monitoryny hödürledi. Bu monitor gözüň hereketlerini yzarlaýan ýörite tehnologiýanyň hem-de lentikulýar linzalaryň kömegi bilen, hiç hili ýörite äýnek dakylmazdan üç ölçegli şekilleri döredip bilýär.

Monitor 27 dýumlyk 4K durulykdaky displeýe eýe bolup, 165 Gs täzeleniş ýygylygynda işleýär. 3D mazmun üçin «Reality Hub» atly ýörite programmany ulanmak maslahat berilýär. Bu programma käbir oýunlary we wideolary üç ölçegli formata öwürmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle-de Samsung täzelenen Odyssey G8 we G9 monitorlaryny hem görkezdi.
Odyssey G8 modeli 27 ýa-da 32 dýuýmlyk QD-OLED ekran bilen üpjün edilip, 4K durulykda we 240 Gs täzeleniş ýygylygynda işleýär.
Odyssey G9 bolsa 49 dýuýmlyk egri ekranly bolup, iki esse QHD durulykda we 144 Gs täzeleniş ýygylygynda işleýär.
Samsung mundan ozal dünýäde ilkinji 500 Gs täzeleniş ýygylygy bolan QD-OLED monitoryny hem tanyşdyrypdy.



26.06.2026 07:48
1.9k+

ÝB smartfon öndürijileriň önümleriniň hyzmat möhletini görkezmeklerini isleýär

Ýewropa komissiýasy smartfon we beýleki elektronika öndürijilerini önümleriň belliklerinde olaryň çaklanan hyzmat möhletini we bejerimäge degişlidigini görkezmäge borçly etmegi teklip etdi. Bu başlangyç satyn......

19.06.2026 19:38
672

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......