Hytaýda täze Mercedes-Benz CLA-nyň satuwy başlandy: bahalar 42,6 müň dollardan başlaýar

  • 28.03.2025 12:27
  • 8.3k+

Hytaýda 2025-nji ýylyň «Mercedes-Benz CLA» modeli – özboluşly keşbi bilen tanalýan häzirki zaman tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan stilistik dört gapyly kupe satuwa çykaryldy. Täze model üç görnüşde hödürlenýär, bahasy 309,2 – 391,4 müň ýuan (takmynan, 42,6 – 53,9 müň dollar) aralygynda üýtgeýär diýip, «ITHome» portaly habar berýär.

Ulagyň daşky keşbi tas üýtgemedi: radiator gözenegi, LED optikalary, sport görnüşli çyzyklary we kupe stilindäki kuzowy saklanyp galdy. Ölçegleri: 4692×1830×1452 mm, teker bazasy – 2729 mm.
Interýeri döwrebaplaşdyryldy: jübüt 10,25 dýuýmlyk uly ekranlar, panoramaly üçek, sensorlaýyn dolandyryş, «Apple CarPlay» we «Android Auto» goldawy, şeýle-de esasy görnüşinde akylly ýagtylandyryş ulgamy bar. «CLA 260 4MATIC» görnüşine bolsa, uýgunlaşýan kruiz-kontrol, barmak yzy skaneri, awtomatiki duralga ýerleşdirmek üçin kömekçi (awtopark) we doly herekete getiriji ulgam goşuldy.


Hereketlendirijileriň hatarynda şular bar:

  • 1.3T (120 kWt / 163 at güýji) 7 basgançakly «çygly» robotlaşdyrylan karobka bilen;
  • 2.0T (140 ýa-da 165 kWt / 224 at güýjüne çenli) 8 basgançakly transmissiýa bilen;
  • ähli görnüşler – 48-woltlyk ýumşak gibrid ulgam bilen enjamlaşdyrylan.

«Mercedes-Benz CLA» ykjam premium kupe synpyndaky az sanly modelleriň biri bolmagynda galýar we «BMW 2 Series Gran Coupe» bilen bäsleşmäge dowam edýär. Täzelenmeler ony has kämilleşdirýär we brendiň uly modellerine has-da ýakynlaşdyrýar.




03.06.2026 11:52
7.1k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

21.05.2026 09:35
2.1k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....