Telekeçileriň dykgatyna! Aprelde Hytaýyň iň uly söwda sergisi - Kanton ýarmarkasy geçiriler

  • 27.03.2025 15:30
  • 9.8k+

Aprel aýynyň ortalarynda Kanton ýarmarkasy ady bilen belli bolan Hytaýyň eksport we import harytlarynyň sergisiniň nobatdaky tapgyry geçiriler. Ol diňe bir Hytaýda däl, eýsem tutuş dünýäde iň möhüm söwda platformalarynyň biri hasaplanylýar. Ol «Hytaýyň halkara söwdasynyň barometri» diýlip hem atlandyrylýar, sebäbi bu ýerde örän köp sanly haryt görnüşleri bilen tanşyp bolýar. Ýarmarka 1957-nji ýyldan bäri Guandun welaýatynyň Guançžou şäherinde geçirilýär.

Giň gerimli çäre ýylda iki gezek – ýazda we güýzde geçirilýär. Ýarmarka Aziýanyň iň iri sergi merkezleriniň biri bolan «Paçžou» sergi merkezinde guralýar. Bu merkez ululygy boýunça dünýäde üçünji orunda durýar. Onuň çäginde dürli maksatly 150 müňden gowrak harytlaryň görnüşleri görkezilýär. Bu ýerde ownuk sowgatlyk zatlardan başlap, awtoulaglara we iri senagat enjamlaryna çenli dürli önümleri tapmak bolýar.
2025-nji ýylda ýarmarka ýene-de öz gapylaryny açar. Oňa dünýäniň dürli künjeginden söwdagärler we alyjylar ýygnanar. Giň gerimli çäre Halk sebit hökümetiniň we Söwda ministrliginiň goldawy bilen Hytaýyň Daşary söwda merkezi tarapyndan guralýar.
Hökümet tarapyndan goldanylmagy ýarmarkanyň halkara ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Bu sergi indi diňe bir Hytaýyň däl, eýsem tutuş dünýäniň işewürleriniň ünsüni özüne çekýär. Ilkibaşda ýarmarka hytaý harytlaryny daşary ýurt bazarlaryna çykarmak maksady bilen döredilipdi. Emma häzirki wagtda oňa 24 müňden gowrak kompaniýa gatnaşýar. Pandemiýadan öň bu ýere ýüz müňlerçe daşary ýurtly alyjy gelýärdi.
Ýarmarkanyň geçiriliş tertibi ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda ol belli-belli ugurlara ýöriteleşdirildi. Bu myhmanlara özlerine degişli harytlaryň görkeziljek günlerini öňünden meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýarmarka üç tapgyrda geçirilýär we her tapgyr bäş gün dowam edýär. Bu bolsa gatnaşyjylara hem-de myhmanlara wagtlaryny has netijeli peýdalanmaga, işewür gepleşikleri geçirmäge we täze hyzmatdaşlar bilen tanyşmaga ýardam berýär.
Şu ýyl ýazky tapgyr 15-nji aprelden 5-nji maýa çenli, güýzki tapgyr bolsa 15-nji oktýabrdan 5-nji noýabra çenli dowam eder.

Ýarmarka gatnaşmak isleýänler hasaba alynmak üçin şu salga geçmeli.


şu gün 15:34
1.2k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.3k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.6k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....