Antarktidada bölünip aýrylan aýsbergiň aşagynda ýaşaýyş ýüze çykaryldy

  • 27.03.2025 15:12
  • 13k+

Halkara alymlar topary Antarktidadaky Georg VI şelf buzlugyndan ägirt uly A-84 aýsbergi bölünip aýrylandan soň, ilkinji gezek boşap galan deňiz düýbüni öwrendi. Buzlugyň astynda baý ekoulgam ýüze çykaryldy.

Ylmy gözleg Şmidt adyndaky Umman institutynyň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda geçirildi we ylmy edaranyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
510 inedördül kilometr meýdanly aýsberg (ululygy boýunça megapolisler bilen deň) 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda şelfden bölünip aýryldy. Ekspedisiýa bu ýere 25-nji ýanwarda geldi.
Uzak aralykdan dolandyrylýan ROV SuBastian enjamynyň kömegi bilen alymlar 1300 metre çenli çuňlukda deňiz düýbüni öwrendi. Olar uly korallar, gubkalar, buz balygy, deňiz möýleri we osminoglar bilen gülleýän ekoulgamyň üstüni açdy. Bu jandarlar buzuň aşagynda onlarça, hatda ýüzlerçe ýyl ýaşapdyr diýlip çak edilýär.
Bu ýer 150 metr galyňlykdaky buz bilen örtülip, Gün şöhlesinden we ýerüsti baýlyklardan üzňelikde bolan. Alymlar umman akymlarynyň bu ýerleri ýokumly maddalar bilen üpjün edendigini çaklaýar.
Şeýle-de, hünärmenler sebitiň geologiýasy we okeanografiýasy barada maglumatlary ýygnady. Bu klimatyň üýtgemeginiň Antarktida we deňiz derejesine ýetirýän täsirine düşünmäge kömek eder. 


09.03.2025 21:33
8.6k+

Ozon gatlagyndaky deşik 2035-nji ýyla çenli doly ýapylyp biler

Amerikaly alymlar ozon gatlagynyň Antarktidanyň üstündäki böleginiň dikeliş prosesini öwrenmek üçin barlaglary geçirdiler. Olar soňky 15 ýylda emeli hemralar tarapyndan toplanan hakyky maglumatlary öňki çaklamalar...

22.02.2025 07:11
11k+

Ýeriň polýuslaryndaky buzlaryň eremegi taryhy derejä ýetdi

ABŞ-nyň Gar we buz boýunça milli maglumat merkeziniň (NSIDC) berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň 13-nji fewralyna çenli Arktikada we Antarktikada deňiz buzlarynyň umumy meýdany rekord derejä – 15,76 million...

16.02.2025 00:50
8.3k+

Antarktidada metanyň uly möçberde çykýan ýeri tapyldy

Antarktidada ilkinji gezek ozal Arktikada tapylan territoriýalara meňzeş uly möçberde metanyň çykýan ýeri tapyldy. Alymlar bu açyşy «klimat partladyjysy» diýip atlandyrdylar diýip, «El País» neşiri habar berýär...

13.02.2025 23:38
6.5k+

Antarktidanyň uzak ýerlerinden alnan gar nusgalarynda ilkinji gezek mikroplastik tapyldy

Britan Antarktika gullugynyň (BAS) ylmy gözlegçileri Antarktidanyň uzak ýerlerindäki garda ilkinji gezek mikroplastik tapdy. Union we Schanz buzluklaryndan alnan nusgalaryň seljermesi garyň eremegine we ýerli ekoulgama...