29-njy martda bölekleýin Gün tutulmasy bolup geçer: nirede we haçan görüp bolar

  • 27.03.2025 15:07
  • 9.3k+

29-njy martda demirgazyk ýarym şaryň ýaşaýjylary bölekleýin Gün tutulmasyna syn edip biler. Bu barada Moskwa planetariýasyna salgylanyp, RBK habar berýär.

Hadysa dört sagat töweregi dowam eder. Tutulmanyň iň ýokary döwründe Aý Gün diskini 94%-e çenli ýapar, ýöne muny diňe Gün doganda (Aşgabat wagty bilen 15:49) Gudzonow aýlagy sebitinde görüp bolar.
Tutulma Demirgazyk Amerikada, Atlantik ummanynda, demirgazyk-günbatar Russiýada, Ýewropada we demirgazyk-günbatar Afrikada görner. Ol Aşgabat wagty bilen 17:44-de tamamlanar.
Gün we Aý tutulmalary ýarym ýyldan bir gezek iki hepde aratapawut bilen bolup geçýär. Haçan-da Aý Ýer bilen Günüň arasynda bolanda, Gün tutulmasy bolýar. Eger Ýer Gün bilen Aýyň arasynda bolsa, Aý tutulmasy bolup geçýär.
2025-nji ýylyň 14-nji martynda doly Aý tutulmasy (“Ganly Aý”) bolup geçdi, ol alty sagatdan gowrak dowam etdi. Ol Aýyň gözýetime ýakyn bolan sebitlerinde göründi. 


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...