Magdrive  startapy kosmos zibilini ýangyja öwürmegi öwrendi

  • 27.03.2025 13:49
  • 1.4k+

Britaniýanyň Magdrive startapy hemralar üçin Warlock hereketlendirijisini döretdi. Bu öwrülişikli işläp taýýarlaýyş orbitany kosmos zibillerinden arassalamaga kömek edip biler diýip, CNN habar berýär.

Hereketlendiriji energiýany döretmek üçin ionlaşýan gaty metalda işleýär.
Bu çemeleşme basyşyň astynda gazy ionlaşdyrmak arkaly energiýa öndürýän häzirki zaman elektrik ulgamlaryndan tapawutlanýar. Kompaniýany esaslandyryjy Mark Stouksyň bellemegine görä, täze tehnologiýa ulgamyň agramyny we göwrümini ep-esli azaltmak bilen, kuwwaty üpjün edýär.
Warlock-yň aýratynlygy köne hemralardan galan metaly ulanyp bilmegidir. Bu Ýerden barýan ýangyç çykdajylaryny azaldar we eýýäm 130 milliondan gowrak galyndy bar bolan orbitany arassalamaga kömek eder. Häzirki wagtda emeli hemralar netijesiz himiki hereketlendirijileri ýa-da gowşak elektrik hereketlendirijilerini ulanýarlar. Warlock olaryň ýokary çekijilik we tygşytlylyk ýaly artykmaçlyklaryny özünde utgaşdyrýar.
Şeýle-de bolsa, kynçylyklar hem ýok däl. Ilki bilen, emeli hemrany gaýtadan işlemek üçin oňa eýesiniň rugsady gerek. Ikinjiden, kosmosda öz ugruna uçup ýören obýektleri tutmak tehnologiki taýdan diýseň çylşyrymly mesele.
Astronawtika boýunça hünärmen MinKwan Kim: "Munuň üçin takyk hereket etmeli we muňa degişli tehnologiýalar bolsa indi ösüp barýar" – diýip düşündirdi.
Magdrive iýun aýynda prototipi barlamagy meýilleşdirýär. Ol zibil bilen däl-de, mis bilen işlär. Eger synaglar üstünlikli geçse, hereketlendiriji aragatnaşyk ýa-da Ýere gözegçilik etmek üçin niýetlenen hemra oturdylar.
Stouks: "Biz orbitada eýýäm bar bolan çeşmeleri ulanmak isleýäris" -diýdi.
Tehnologiýa täze kosmos ykdysadyýetini döredip biler. Bu entek diňe düşünje, ýöne ol kosmosy has arassa we elýeterli edip biler. Warlok zibiliň meselä däl-de, çeşmä öwrüljek geljegine ýol açýar. Magdrive batyrgaý pikirleriň ylmy öňe ilerledýändigini subut edýär.


düýn 18:51
2.6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.3k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....