Tesla Hytaýda ýarym awtopilot synaglaryny wagtlaýynça togtatdy

  • 27.03.2025 13:37
  • 1.9k+

Tesla FSD (Full Self-Driving) awtopilot ulgamynyň synaglaryny Hytaýda wagtlaýynça togtatdy diýip, «CarNewsChina» habar berýär.

Tesla saýlanan müşderilere 17-nji martdan 16-njy aprele çenli FSD ulgamyny mugt synap görmäge mümkinçilik berjekdigini aýdypdy. Emma 23-nji martda hytaý metbugaty synaglaryň togtadylandygyny habar berdi.
Neşiriň habaryna görä, synaglaryň togtadylmagynyň sebäbi, Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumatlaşdyrma ministrliginiň (MIIT) täze düzgünleri bilen baglanyşykly. Bu düzgünler awtoulag öndürijilerinden programma üpjünçilikleriniň täzelenmelerini öňünden habar bermegi talap edýär.
Bu düzgünler awtonom ulaglara bolan gyzyklanmanyň artýandygy sebäpli kabul edildi. BYD, Huawei, Xpeng we Li Auto ýaly iri kompaniýalar geljekde dolandyryş ulgamlaryny has ýokary derejä çykarmagy meýilleşdirýärler.
Şol bir wagtyň özünde ABŞ-da bolsa FSD ulgamy henizem tankytlanylýar. Sebäbi Tesla ulaglary awtopilotda wagty kämahal swetoforyň sary yşygynda ýöreýär, öwrülmeli ýerinde öwrülmän göni gidýär, Stop belliginde saklanmaýar we tizligiň çäklendirmelerini bozýar. Hut şol sebäplerden hem 2023-nji ýylda Tesla iki milliondan gowrak ulagyň FSD ulgamyny täzeden düzmek üçin yzyna çagyrypdy.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......