Fizikler iň kiçi LED displeýi döretdiler

  • 31.03.2025 19:51
  • 4.7k+

Hançžouly alymlar Kembrij uniwersitetinden kärdeşleri bilen bilelikde çäge dänesinden has kiçi LED displeýi işläp düzdüler. II-V görnüşli ýarymgeçirijilerden döredilen pikselleriň ini bary-ýogy 90 nanometr, ýagny wirusdan uly däl diýip, Interesting Engineering belleýär.

Şol bir wagtyň özünde alymlar her dýuýma 127 000 piksel dykyzlygyny gazandylar, bu bolsa häzirki zaman ekranlarynyň görkezijilerinden has ýokarydyr.
Munuň üçin fizikler kristal gurluşy bolan material - perowskiti ulandylar. Onuň bahasy arzan, öndürilmegi aňsat we ol elektrik toguny netijeli ýagdaýda ýagtylyga öwürýär. Perowskit çydamly, ýagty we ýokary durulykdaky displeýleri öndürmek üçin amatly.
Çžeszýan uniwersitetiniň professory Çžao: "Şunuň ýaly eksperimentler, gaty kiçi göwrümdäki perowskit LED-larynyň hem kabul ederlikli netijeliligi saklap biljekdigini görkezýär".


Ekranda näçe köp piksel bolsa, surat şonça-da aýdyň bolar. Emma şeýle kiçi LED-lary döretmek kyn we gymmatdyr. Adamyň gözi 576 megapiksele çenli ýitiligi tapawutlandyryp bilýär we bu çäkden geçmek hemişe dogry däl. Täze LED-lar (nano-PeLED) bu meseläni çözýär: adaty yşyklardan tapawutlylykda olar ýagtydyr we çalt öçmeýär.
Bu pikseller giňeldilen hakykat äýnekleri, wirtual hakykat garniturlary we indiki nesil smartfonlary üçin amatly bolup biler. Şeýle-de bolsa, çäklendirmeler bar: perowskit LED-lary henizem monohromdyr, olaryň häzirki zaman ekranlar bilen bäsleşmegi üçin doly reňkli wersiýalar zerurdyr. Şeýle hem olaryň hakyky enjamlarda näçe wagt işläp biljekdigi heniz belli däl. Alymlar bu kemçilikleri ýok etmek üçin tehnologiýany kämilleşdirmegi meýilleşdirýärler.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......