Türkmenistanda öz logotipiň bilen futbolka-kepkalary nireden sargyt edip bolar?

  • 26.03.2025 23:39
  • 12k+

Logotipiň ýa-da haryt nyşanyň oturdylan batnik-kepkalar işgärler üçin iş eşigi bolmak bilen birlikde, müşderiler üçin hem ýerine düşen sowgat bolup biler. Siziň logotipiňiz oturdylan futbolkadyr kepkalary geýen müşderiler brendiň mahabatyny mugt ýaýradyjylar bolup durýar. TmCars Habarlar öz logotipiň goýlan batnik-kepkalary amatly bahadan nireden sargyt edip bolýandygy barada gürrüň berýär.
«Elegant» hususy kärhanasy söwda merkezlerine, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan firmalara, önümçilik bilen meşgullanýan kärhanalara we başga-da isleg bildirýänleriň ählisine sargyt esasynda öz logotipi oturdylan futbolkalary, batnikleri hem-de kepkalary taýýarlap berýär.

Logotipli kepka-futbolkalar näme üçin täsirli?

  • Brendiňiz hemişe üns merkezinde bolýar. Logotipli egin-eşik geýen adam, siziň brendiňizi gündelik durmuşyň bir bölegine öwürýär. Bu islendik mahabatdan has täsirli bolup biler.
  • Amatly we uzak möhletleýin mahabat. Telewideniýede, internetde ýa-da ýoldaky bannerlerde berilýän mahabatlaryň täsiri wagtlaýyn bolup biler, emma kepka ýa-da futbolka uzak wagtlap saklanyp, markanyň ýaýramagyna kömek edip biler.
  • Müşderileriň ünsüni çekýär. Siziň logotipiňiz oturdylan kepkalara ýa-da futbolkalara adamlaryň gözi düşende marka bolan gyzyklanma döreýär. Bu bolsa täze müşderileri çekmegiň ýönekeý, emma täsirli usulydyr.

Näme üçin «Elegantdan» sargyt etmeli?
«Elegant» kompaniýasy:

  • ýokary hilli logotipli kepkalar, futbolkalar we uniformalar bilen üpjün edýär;
  • markaňyza görä dizaýn taýýarlap berýär;
  • rahat hem çydamly materiallardan egin-eşikleri taýýarlaýar;
  • Logotipler uzak saklanjak, ençeme gezek ýuwandan soň hem durkuny ýitirmejek tehnologiýalar bilen basylýar;

Sargyt etmek isleýänler “Elegant” kompaniýasyna aşakdaky telefon belgileri boýunça jaň edip bilerler. Kompaniýanyň hünärmenleriniň özi müşderiniň ofisine özleri baryp, assortimenti hödürlärler. Dizaýn boýunça maslahatlaşyp, ölçegleri alarlar. Önüm taýýar bolanda getirip bererler. Bu bolsa, müşderiniň wagtyny tygşytlar.
Sargydyň iň az sany – 50 sany.
Önümleriň görnüşleri, edilen işler bilen “Elegant” kompaniýasynyň internet sahypalaryndan has giňişleýin tanşyp bilersiňiz!
Öz logotipiňiz oturdylan ýeňsiz žiletleri, kurtkalary şu telefon belgisine jaň edip sargyt edip bilersiňiz:
+99365 08-23-47
Instagram: @elegant_wr.tm
TikTok: @elegan343


12.05.2026 15:08
4.5k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.6k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.4k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
10k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....