Parker Solar Probe zondy Güne rekord aralyga golaý uçuşyny gaýtalady

  • 26.03.2025 18:40
  • 4.5k+

NASA-nyň Parker Solar Probe zondy Günüň atmosferasyna nobatdaky girişini üstünlikli tamamlady we Gün işjeňligi barada möhüm maglumatlary ýygnady. Enjam Günüň üstünden 6,1 mln km aralykda 692 müň km/sag tizlik bilen uçup, adam tarapyndan döredilen iň tiz obýekt boldy diýip, Scitechdaily habar berýär.

Bu uçuş Parker-iň Güne 23-nji ýakyn uçuşy boldy. Ol 2024-nji ýylyň dekabr aýynda eýýäm şeýle tizlik we aralyk görkezijisine ýetipdi.
23-nji uçuşyň dowamynda zonduň dört ylmy guralynyň ählisi doly güýjüne işledi. Parker magnit meýdanlary, Gün alawlamalary we bölejikleriň akymy barada maglumatlary ýygnady. Bu döwürde enjam awtonom režimde hereket etdi, çünki Ýerden signal oňa birnäçe minutda ýetýär. Jons Hopkinsiň Amaly fizika barlaghanasynyň alymlary zonduň kadaly işleýändigini eýýäm tassyklady.
Parker missiýasynyň esasy maksady güýçli Gün ýelleriniň döreýän ýeri bolan Gün täjini öwrenmekden ybarat. Zarýadly bölejikleriň bu akymlary hemralara, nawigasion ulgamlara we elektrik torlaryna täsir edip bilýär. Enjamyň ýylylyk galkany aşa temperatura çydamaga mümkinçilik berýär.
Missiýa ýedi ýyl dowam eder. Geljekde Parker Güne ýene has ýakyn uçar hem-de alymlara Gün tupanlaryny we olaryň Ýere täsirini has takyk çaklamaga kömek eder.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....