Oguljahan Atabaýewa medeniýet boýunça wise-premýer we habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy

  • 26.03.2025 12:45
  • 15k+

25-nji martda Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatyň guramaçylyk derejesi we ony geçirmegiň ähmiýeti barada giňişleýin pikir alşyldy. Çagalaryň arasynda guralmagy meýilleşdirilýän bu döredijilik bäsleşigine 4 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalaryň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen ýyllaryň dowamynda ýerine ýetiren işlerine, kabul eden ynsanperwer çözgütlerine aýratyn üns berildi.
Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna, dört ýyla golaý döwrüň dowamynda 500-den gowrak näsag çaganyň saglygynyň dikeldilendigini, onuň ýardam bermeginde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän çagalar hassahanalaryna dünýäniň iň kämil saglygy goraýyş enjamlarynyň oturdylandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň metbugat neşirleriniň, teleradioýaýlymlarynyň tutuş adamzat ähmiýetli işleri wagyz etmekde täzeçil usullardan netijeli peýdalanmaklaryna uly üns berildi.
Haýyr-sahawat gaznasy ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny açmak ugrunda zerur tagallalary edýär. Şoňa görä, gaznanyň wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekde wajyp ähmiýeti bolan bäsleşigiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine, gaznanyň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän asylly işleriniň metbugat neşirlerinde, teleradioýaýlymlarda giňden wagyz edilmegini guramaga jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Duşuşykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň işini ösdürmek we onuň degişli düzümler bilen bilelikdäki tagallalaryny işjeňleşdirmek meselelerine-de seredildi. Aýratyn-da, ýerli saglygy goraýyş edaralarynyň enjamlaşdyrylyşyna degişli maglumatlar, ýurdumyzda bolşy ýaly, halkara media giňişliginde-de giňden beýan edilmelidir. Şunda maglumatlaryň taýýarlanylmagyna häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda täzeçil usulda çemeleşilmelidir.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......