Täzelenen Mercedes-Maybach S-Class tanyşdyryldy

  • 26.03.2025 11:39
  • 6.9k+

Hytaýda 2025-nji ýylyň «Mercedes-Maybach S-Class» modeliniň satuwy başlandy. Bu limuzin dört görnüşde hödürlenýär. Onuň bahasy 1,47 mln – 3,64 mln ýuan (takmynan, 200 müň – 500 müň dollar) aralygynda üýtgeýär diýip, «ithome» portaly habar berýär.

Ulagyň ähli konfigurasiýalary Max ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Bu ulgam kämilleşdirilen nawigator bolup, sürüjilik kömekçisi bilen üpjün edilendir. Ol sürüjä ýolda ugur görkezýär we zolak boýunça maslahat berýär.
Awtoulagyň daşky görnüşi öňküligine galdy. Diňe reňk saýlawy giňeldildi. Jemi 13 dürli reňk bar, olaryň arasynda MANUFAKTUR-yň eksklýuziw reňkleri hem hödürlenýär.
Salony Maybach-yň özboluşly stilinde bezelen. Onuň içinde sanly panel, AR-HUD displeýi we panoramaly üçek bar. Şeýle-de MBUX multimediýa ulgamy, elektrikli gapylar, oturgyç ýelejiretmesi (wentilýasiýasy) we simsiz zarýad beriş funksiýasy standart görnüşde gelýär.
Esasy üns yzky oturgyçlaryň rahatlygyna gönükdirilen. Bu ýerde Nappa derisinden ýasalan oturgyçlar ýerleşdirilen. Olar ýyladyş we massaž funksiýasy bilen üpjün edilen. Şeýle hem olary 43,5 gradusa çenli egip bolýar.
Awtoulagyň hereketlendirijileri dürli görnüşde hödürlenýär: olaryň göwrümi 3.0 litrden 6.0 litre çenli üýtgeýär. Ulag doly herekete getiriji ulgam we 9 basgançakly awtomat karobka bilen enjamlaşdyrylan, şeýle-de 900 Nm çenli tork öndürýär.


23.05.2026 15:59
4.9k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.1k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.4k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......

22.04.2026 16:13
2.7k+

Mercedes-Benz 762 km ýol ätiýaçlygy bolan batareýaly C-klassyny tanyşdyrdy

Mercedes-Benz kompaniýasy doly elektrik güýjüne geçirilen C-klass sedanynyň täze neslini tanyşdyrdy. Bu model elektrikli GLC krossoweriniň tehnologiýalaryny we dizaýn elementlerini özünde jemleýär....