“Garpamyk” prokata şowsuz başlady. Film çykdajylaryny ödemän biler

  • 25.03.2025 18:07
  • 7.6k+

“Garpamyk” kinoremeýki ilkinji dynç günleri ABŞ-da bary-ýogy 44,3 mln dollar gazandy. Bu Disney-iň ähli oýun remeýkleriniň arasynda iň ýaramaz görkezijidir diýip, Variety habar berýär.

Dünýäde film 87,3 mln dollar ýygnady.
Deňeşdirmek üçin, 2019-njy ýylyň şowly bolmadyk “Dambo” filmi prokata 45 mln dollar bilen başlady. “Garpamygyň” býujeti 250 mln dollar boldy we muny ödemek üçin ol azyndan 500 mln dollar gazanmaly. Bilermenler bu mukdara ýetmegiň diýseň kyn boljakdygyny belleýär.
Filmde esasy rollaryň birini Reýçel Zegler ýerine ýetirdi, baş zalym aýaly bolsa Gal Gadot oýnady. Režissýor hökmünde “Tomsuň 500 güni” bilen belli bolan Mark Uebb çykyş etdi.
Film Garpamyk we ýedi girdenek baradaky hekaýanyň häzirkizaman görnüşidir. Bellenilişi ýaly, tankytçylaryň synlary we kasting bilen bagly jedeller tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny peseltdi.
Prokatyň bir hepdesinde girdeji 100 mln dollara-da ýetmedi, bu bolsa analitikleriň garaşanyndan has pesdir. Şeýle girdeji bilen film soňky ýyllarda Disney-iň iň şowsuz taslamasy bolup biler. Tomaşaçylaryň gyzyklanmasy hem pese gaçmagyny dowam etdirse gerek, bu bolsa býujeti ödemek ähtimallygyny peseldýär. 


şu gün 08:26
1.9k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
941

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....