“Barselona” Tbiliside ilkinji daşary ýurt dükanyny açar

  • 25.03.2025 14:45
  • 6.3k+

“Barselona” futbol kluby üç sany täze firma dükanyny açmak meýilnamalary barada habar berdi. Bu barada klubuň resmi saýtynda aýdylýar.

Birinji dükan 29-njy martda Tbiliside açylar. Ol klubuň daşary ýurtda ilkinji dükany bolup, Gruziýanyň paýtagtynyň taryhy merkezinde ýerleşer.
1-nji aprelde ikinji dükan işläp başlar – ol Ispaniýanyň Malaga şäherinde ýerleşer. Üçünjisi tomusda Palma-de-Maýorka howa menzilinde açylar.
Taslama ygtyýarnamalaşdyrmak we merçandaýzing boýunça işewürligi ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.
2018-nji ýylyň iýun aýyndan bäri “Barselona” klub atributikasynyň satuwyna özbaşdak gözegçilik edýär. Bu brendi dolandyrmaga we bölek söwda ugruny ösdürmäge mümkinçilik berýär. 


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......