Nissan Awstraliýada 250 müň sany «Patrol» satdy

  • 25.03.2025 13:49
  • 5.1k+

Nissan-yň Awstraliýadaky şahamçasy uly sepgide ýetdi – şu güne çenli ýurtda jemi 250 müň sany «Patrol» ulagy satyldy. Bu model off-road janköýerleriniň arasyndaky meşhurlygyny henizem dowam etdirýär.

«Patrol» ilkinji gezek 1961-nji ýylda bazara çykaryldy. Ulagyň iň uly artykmaçlygy – onuň berk we ygtybarly bolmagy. Ulag awstraliýaly müşderileriň söýgüsini şeýdip gazandy. Köp adam ony «Toyota Land Cruiser» bilen deňeýär. Platformasynyň (Y62) könedigine garamazdan, bu model 2024-nji ýylda satuwy boýunça rekord goýdy – jemi 8 müň 293 sanysy satyldy.
«Patrol-yň» häzirki görnüşi V8 hereketlendiriji bilen üpjün edilýär. Alyjylara giňişleýin kepillik hödürlenilýär – 10 ýyl ýa-da 300 müň kilometr ýol geçýänçä. Bu model aýratyn hem çydamlylygy we islendik ýolda ýöräp geçiş ukyby bilen ýokary baha alýar.
Geljek ýyllarda Awstraliýada täze nesil – «Patrol Y63» satuwa çykarylar. Bu model eýýäm beýleki sebitlerde elýeterli.



24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....