Amerikaly alymlar insultdan soň beýnini dikeldýän dünýäde ilkinji dermany işläp düzdüler

  • 25.03.2025 13:24
  • 4.9k+

Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň (UCLA, ABŞ) alymlary insultdan soňky bejergi boýunça uly açyş etdiler. Olar ilkinji gezek fiziki reabilitasiýanyň täsirini doly gaýtalap bilýän «DDL-920» atly dermany döretdiler. Bu barada geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri «Nature Communications» ylmy žurnalynda çap edildi diýip, agzalan uniwersitete bagly «UCLA Health» saglygy goraýyş edarasy habar berýär.

Alymlar syçanlarda geçirilen synaglarda möhüm täzeligi ýüze çykardylar - insult beýnidäki «parwalbumin» diýlip atlandyrylýan neýronlaryň işini bozýar. Bu neýronlar beýniniň gamma ossillýasiýa diýilýän ritmlerini sazlaýar. Şol ritmler bolsa, bedeniň hereketlerini utgaşdyrmaga kömek edýär. Eger olar bozulsa, adam öz hereketlerini dolandyryp bilmeýär. Bu ýagdaý, adatça, uzak möhletli fiziki reabilitasiýa bilen bejerilýär, emma bu usul her bir hassa kömek etmeýär.
Emma doktor Jo Wargez Jonuň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan UCLA-nyň laboratoriýasynda işlenip düzülen «DDL-920» atly derman ajaýyp netijeleri görkezdi. Ol parwalbumin neýronlaryny işjeňleşdirýär. Şeýlelikde, gamma ossillýasiýalary dikeldilýär we beýniniň ýitiren baglanyşyklary täzeden döredilýär. Geçirilen synaglarda derman berlen syçanlar doly gutuldy. Olar öz bedenlerine doly erk edip başladylar. Mundan ozal, şeýle netijelere diňe uzak wagtlyk reabilitasiýadan soň ýetmek mümkindi.
Bu açyş lukmançylykda uly üstünlik hasaplanýar. Sebäbi şu wagta çenli insultdan soňky fiziki reabilitasiýanyň ornuna geçip biljek hiç hili derman ýokdy.
Insult ulularda maýyplygyň esasy sebäpleriniň biridir. Köplenç, hassalar ýitiren funksiýalaryny doly dikeldip bilmeýärler. Gözlegiň baş awtory doktor S. Tomas Karmaýklyň sözlerine görä, bu derman hassalara kyn we uzak wagta çekýän reabilitasiýadan geçmezden sagalmak üçin mümkinçilik döreder.
Bu derman häzirlikçe diňe haýwanlarda synagdan geçirilýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....