Ýewropada Hytaýda öndürilen gibrid awtoulaglaryň satuwy 64% ýokarlandy

  • 25.03.2025 13:17
  • 6k+

«DataForce-yň» maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň fewral aýynda Ýewropada Hytaýda öndürilen awtoulaglaryň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 64% artdy. Jemi 38 müň 902 sany awtoulag satyldy. Hytaý brendleriniň Ýewropanyň awtoulag bazaryndaky paýy 2,5%-den 4,1%-e çenli ýokarlandy diýip, «Automotive News» neşiri habar berýär.

Bu ösüş esasan benzinli we gibrid modelleriň hasabyna boldy, sebäbi olar Ýewropanyň elektrokarlar üçin girizen gümrük paçlaryna sezewar bolmady. Hytaýyň elektrikli awtoulaglarynyň satuwy 3,4% peseldi, emma umuman Ýewropanyň elektrokar bazary 26% ösdi.
Hususan-da, Hytaýyň PHEV (tokdan zarýad alýan gibrid) awtoulaglaryna uly isleg bildirildi. Olaryň satuwy 321% ýokarlandy we jemi 4 müň 744 sany awtoulag satyldy. «BYD Seal U» we «Omoda» benzinli we gibrid görnüşleri bilen satuwda öňdeligi eýeledi. Şol bir wagtda Zeekr, Lynk & Co, Xpeng we Nio brendleriniň satuwy pese düşdi.


16.06.2026 09:57
5.6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

16.06.2026 07:52
4k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....