ABŞ-da adam şekilli Figure robotlarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişildi

  • 25.03.2025 11:26
  • 3k+

Kaliforniýada (ABŞ) ýerleşýän Figure AI startapy adam şekilli (gumanoid) robotlaryň köpçülikleýin önümçiligine girişmek üçin, ilkinji önümçilik hatary BotQ-ny işe girizdi. Kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 12 müň robota deň bolar. Başgaça aýdanyňda her gün, takmynan, 30 sany robot öndüriler diýip, «Interesting Engineering» neşiri habar berýär.

Kompaniýa ilkinji adam şekilli roboty bolan Figure 01-i gysga wagtyň içinde işläp düzüpdi. Bu robot 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda köpçülige görkezildi. Bir ýyl geçensoň, kompaniýa Figure 02 modelini hödürledi. Indi bolsa Helix neýrotory bilen dolandyrylýan üçünji nesil Figure 03 modeliniň köpçülikleýin önümçiligine başlandy. Onuň düzüm bölekleri çalt we köpçülikleýin önümçilik üçin täzeden dizaýn edildi.
Figure AI robotlary öňünden türgenleşdirilmezden işleýär. Robotlar diňe sesli buýruklary kabul edip, olaryň esasynda hereket edýär. Ýatlatsak, ozal kompaniýa birek-biregi bilen sazlaşykly işleşmegi başarýan robotlarynyň käbir mümkinçiliklerini görkezipdi.
Figure robotlary öz ýoldaşlaryny öndürmek işine-de çekiler. Şol sebäpden kompaniýa adaty konweýer hataryndan ýüz öwürdi. Mundan beýläk, önümçilikde adam güýjüniň ýerine robotlar ulanylar. Robotlar bölekleri daşamak we tertiplemek işlerini ýerine ýetirip, akkumulýatorlaryň öýjüklerini barlarlar. Olar şol öýjükleri toplap, täze robotlar üçin energiýa bloklaryny ýygnarlar.
Önümçilik prosesi barha kämilleşýär. Şeýle-de bolsa, Figure AI önümçilik kuwwatyny artdyrmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň maksady dört ýylyň dowamynda, önümçilik kuwwadyny ýylda 100 müň robota ýetirmek.


09.05.2026 11:01
5.4k+

ABŞ uçýan näbelli obýektler (UNO) baradaky resminamalaryň gizlinligini aýryp başlady

Pentagon näbelli anomal hadysalara degişli faýllary çap edip başlady....

04.05.2026 20:49
7.5k+

Science Advances: Nýu-Ýorkdaky binalaryň tas ýarysyny suw basyp biler

ABŞ-nyň Alabama uniwersitetiniň alymlary ýurduň gündogar kenaryndaky şäherler üçin suw joşgunynyň bolmak töwekgelçiligine baha berdi we barlaglaryň netijelerini «Science Advances» žurnalynda çap etdi....

01.05.2026 12:18
7.2k+

ABŞ-ly genetikler derman öndürmek üçin towuk ýumurtgalaryny «programmirlemegi» öwrendiler

Missuri uniwersitetiniň alymlary towuk ýumurtgalarynyň lukmançylyk zerurlyklary üçin dermanlyk beloklaryny durnukly öndürmegine mümkinçilik berýän usuly işläp düzdüler....

21.04.2026 16:43
2.7k+

«Ylmy Oskar»: Körlüge garşy gen terapiýasyny döredijiler $3 mln möçberinde baýraga mynasyp boldy

Molekulýar biolog Jin Bennet, oftalmolog Albert Maguaýr we lukman, professor Ketrin Haý nesilden-nesle geçýän körlügi bejermekde ulanylýan we ABŞ-da ilkinji tassyklanan gen terapiýasyny işläp düzendikleri......