Figure kompaniýasy 4 ýylda 100 müň gumanoid robot öndürer

  • 04.02.2025 00:39
  • 2.2k+

ABŞ-nyň Figure kompaniýasy geljek 4 ýylyň dowamynda täjirçilik pudaklarynda we öýde ulanmak üçin niýetlenen 100 müň sany gumanoid robot öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada Forbes neşiri habar berýär.

Figure kompaniýasy gowy we elýeterli bahadan robotlary öndürýän 16 iri kompaniýanyň arasynda, iň öňdebaryjy iki kompaniýadan biri hasaplanýar. Ol esaslandyrylandan bary-ýogy 31 aýdan soň, Figure 01 atly ilkinji robotyny çykardy. Häzirki wagtda Figure 02 müşderilere gowşurylýar. Has güýçli we ösen Figure 03 modeli bolsa laboratoriýada synagdan geçirilýär.
Edkok robotlaryň kämilleşmeginde emeli aňyň esasy orny eýeleýändigini belledi.

«Geçen hepde täze müşderimiz üçin neýron toruny ulanyp başladyk. [Robotlara ähli hereketleri] Öwretmek üçin ýeke-täk ýol emeli aňdyr, sebäbi bu algoritmleri el bilen ýazmak mümkin däldir» diýip, Edkok aýtdy.

Şeýle hem ol robotlaryň tizliginiň we öndürijiliginiň artýandygyny belledi. Figure 01-iň tizligi adamyň tizliginiň bary-ýogy 17%-ine barabar. Emma Figure 02 ilkinji modelden 7 esse çalt. Täze Figure 03 modeli bolsa bulardan hem çalt we has güýçli bolar.
Edkok kompaniýanyň täze müşderisiniň adyny aýtmasa-da (birinji müşderi BMW), ol bu müşderiniň ABŞ-nyň iň iri kompaniýalarynyň biridigini belläp geçdi. Munuň Walmart, Amazon ýa-da Apple bolmagy mümkin. Şeýle-de bu kompaniýanyň saglygy goraýyş pudagyndaky UnitedHealth Group ýa-da CVS Health bolmagy hem ähtimal.

şu gün 14:38
303

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

şu gün 08:10
2.8k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.2k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....