Figure kompaniýasynyň robotlary adam buýruklaryna düşünip, birek-birek bilen sazlaşykly işleşmegi öwrendiler

  • 24.02.2025 13:10
  • 2.7k+

Figure kompaniýasy Helix atly täze innowasion dolandyryş ulgamyny hödürledi. Bu ulgam gumanoid (adam şekilli) robotlara sesli buýruklara düşünmäge we çylşyrymly hereketleri utgaşdyryp ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Helix duýuş ukybyny, dile düşünmegi we hereketleri dolandyrmagy bir ulgamda jemleýär. Netijede, robotlar programma üpjünçilikleri öňünden ýörite sazlanmazdan, dürli gündelik işleri ýerine ýetirip bilýärler.

Helix ulgamynyň iň möhüm aýratynlyklarynyň biri – robotyň bedeniniň ýokarky bölegini, ýagny ellerini, barmaklaryny, göwresini we kellesini şol bir wagtda dolandyryp bilmegidir. Sekuntda 200 gezek hereket gözegçiligi funksiýasy, robotyň elleriniň hereketine görä göwresiniň ýagdaýyny hem sazlamaga ýardam berýär. Şeýlelikde, ol islendik obýekti iň amatly ýagdaýda göterip, saklap, ýerine goýup bilýär.
Robot tehnikalarynyň taryhynda ilkinji gezek bir ulgamyň şol bir wagtda iki robota gözegçilik edip bilýändigi görkezildi. Bu aýratynlyk robotlara öň görmedik zatlaryny hem özara peýdalanyp, bilelikde çylşyrymly meseleleri çözmeklerine mümkinçilik berýär. Mysal üçin, robotlar birek-birege önümleri geçirip, olary gutulara ýerleşdirip bilýärler.
Helix ulgamynyň ýene bir möhüm aýratynlygy – onuň doly integrirlenen energiýa tygşytlaýjy grafiki prosessorlar (GPU) bilen işlemegidir. Bu ýagdaý ulgamy täjirçilik maksatly ulanyşlara taýýar edýär. Ýene bir gyzykly tarapy, bu ulgamy türgenleşdirmek üçin bary-ýogy 500 sagatlyk maglumat ýeterlik boldy. Bu bolsa şuňa meňzeş beýleki tehnologiýalara garanyňda ep-esli azdyr.
Täze ulgam robotlaryň gündelik durmuşda ulanylýan zatlar bilen işleşmegini has-da kämilleşdirdi. Robotlara sesli buýruklar arkaly dürli zatlary aldyrmak we bir ýere goýdurmak mümkin. Olaryň arasynda gap-gaçlar, oýunjaklar we beýleki gurallar hem bar. Mysal üçin, robota «çöle degişli obýekti al» diýlip buýruk berilse, ol oýunjak kaktusy derrewjik tanaýar we alýar.
Figure kompaniýasynyň inženerleri Helix-iň mümkinçiliklerini ýene «1000 esse» we has ýokary derejede kämilleşdirmegi maksat edinýärler. Bu bolsa gumanoid robotlaryň geljekde gündelik durmuşda giňden ulanylmagy üçin mümkinçilikleriň öňüni açýar.


09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......