Netflix 2025-nji ýylyň iň esasy 6 premýerasyny anons etdi: üç film we üç serial

  • 06.04.2025 23:29
  • 5.3k+

Netflix 2025-nji ýylda üç sany täze film we üç meşhur serialyň täze möwsümlerini taýýarlaýar.
Kompaniýanyň baş direktory Ted Sarandos Variety bilen söhbetdeşlikde akym platformasynyň uly umyt bildirýän taslamalaryny sanap geçdi.

“Gaty geň işler” (Очень странные дела / 5-nji möwsüm)
Esasy hekaýatyň finaly şu möwsüm bilen tamamlanar. Ähtimal, soňra spin-off hem çykarylyp bilner.
Sekiz bölümden ybarat möwsüm köp sanly garaşylmadyk wakalary wada berýär.

“Kalmar oýny” (Игра в кальмара / 3-nji möwsüm)
Ikinji we üçünji möwsümler bir wagtda düşürildi, şonuň üçin wakanyň finaly ikinji möwsümden bary-ýogy ýarym ýyl soň çykýar. Premýera 27-nji iýunda bolar.
Son Ki-hun oýny gurnaýjylar bilen göreşi dowam etdirer. Ýöne franşiza munuň bilen hereketini bes etmez. Esasy taslamadan başga-da, “Kalmar oýny: Kynçylyk” (Игра в кальмара: Вызов) realiti-şouwynyň ikinji möwsümine, şeýle-de serialyň amerikan remeýkine garaşylýar. KHBS-iň maglumatlaryna görä, taslamanyň üstünde režissýor Dewid Finçer işleýär.

“Uensdeý” (Уэнздей / 2-nji möwsüm)
“Addams maşgalasynyň” spin-offy Netflix-iň iň köp tomaşa edilýän serialy hasaplanýar. Esasy aktýorlar düzümi saklanar, olara Ledi Gaga hem goşular, ýöne onuň roly heniz belli däl.

“Jeý Kelli” (Джей Келли)
Adam Sendleriň we Jorj Kluniniň gatnaşmagynda Noa Baumbahyň täze filmi. Orta ýaşly dostlar ikinji ýaşlygyny başdan geçirýär. Premýera güýze meýilleşdirildi.

“Frankenşteýn” (Франкенштейн)
Gilýermo del Toro ýazyjy Meri Şelliniň romany boýunça öz wersiýasyny taýýarlaýar. Rollarda – Oskar Aýzek we Jeýkob Elordi. Filmiň noýabr aýynda çykmagyna garaşylýar, sýužet barada maglumat ýok.

“Pyçaklary çykarmak: Oýan, öli” (Достать ножи: Проснись, мертвец)
Raýan Jonsonyň detektiw Benua Blanyň roluny Deniel Kreýgiň ýerine ýetirmeginde üçünji filmi. Taslama, adatça bolşy ýaly, ýyldyz aktýorlary bir ýere jemledi – Joş Brolin, Mila Kunis, Joş O’Konnor, Jeremi Renner we beýlekiler. Surata düşürmek işleri Londonda geçdi.
Filmiň wakany jemlemegine garaşylýar. Çünki, Netflix filmiň diňe iki dowamy üçin hukuk satyn aldy.


düýn 22:06
351

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......