Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan etdi

  • 25.03.2025 09:36
  • 3.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň DÜZGÜNNAMASY "Türkmenistan" gazetinde çap edildi.

Bäsleşige 4 (dört) ýaşdan 11 (on bir) ýaşa çenli çagalar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçmegini üpjün etmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guramaçylyk we eminler toparynyň düzümi tassyklanylýar.
Bäsleşik üç ugur boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda geçiriler:
I. Türkmen milli oýunlary.
II. Aýdym-saz we tans sungaty.
III. Surat çekmek we amaly-haşam sungaty.
Bäsleşigiň birinji ugrunda oňa gatnaşýan çagalar türkmen milli oýunlary «Çeke-çeke», «Bäş daş», «Agsak durna», «Aşyk oýny», «Ýüzük bukdy», «Düzzüm», «Ýaglyga towusmak» ýaly milli oýunlarda özara bäsleşerler.
Bäsleşigiň ikinji ugrunda oňa gatnaşýan çagalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerini, parahatçylygy we dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy şirin aýdym-sazlarynda wasp ederler, dürli aýdym-saz gurallaryna ezberlik bilen erk edip, ukyp-başarnyklaryny görkezerler hem-de dürli tanslary ýerine ýetirmekde bäsleşerler.
Bäsleşigiň üçünji ugrunda parahatçylygy, bagtyýar çagalygy, ýurdumyzyň hem-de Arkadag şäheriniň gözelliklerini, bedew atlarymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän suratlary çekmek hem-de amaly-haşam sungatynyň eserlerini döretmek boýunça özara bäsleşerler.

Bäsleşigiň netijeleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde 2025-nji ýylyň 29-njy martynda haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününiň 4 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde jemlener.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Goşmaça maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi bilen habarlaşyp bilersiňiz.
Telefon belgisi: (+99312) 57-18-57
Elektron salgysy: tmyg.arkadag_shaheri@sanly.tm


şu gün 10:10
1.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.7k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......