ABŞ-ly zenan maşgala ilki niýetläninden başga bir lotoreýa biledini alyp, 1 million dollar utdy

  • 23.03.2025 18:56
  • 9.6k+

ABŞ-nyň Miçigan ştatyndan bir zenan maşgala «Wild Cherry» tiz lotereýasyndan 1 million dollar utdy. Onuň bu uly baýragy gazanmagyna ilkibaşda almak islän lotoreýa bilediniň gutaryp, oňa derek başga bir lotoreýanyň biledini almagy sebäp boldy diýip, «UPI» habar berýär.

Zenan maşgala aslynda ýerli dükanlaryň birine başga bir lotereýanyň biledini satyn almak üçin barýar. Emma onuň diýýän lotoreýasynyň biletleriniň hemmesi eýýäm satylan eken. Şonuň üçinem ol başga bir lotereýanyň biledini satyn alýar we utýar. Ýeňiji ilkibaşda özüne 10 müň dollar utandyr öýdüpdir. Dükanyň satyjysy oňa hakykatda näçe gazanandygyny düşündiripdir.
Täze millioner gazanan pullarynyň bir bölegine öý satyn almagy, galanyny bolsa tygşytlamagy meýilleşdirýär.


düýn 20:25
5.7k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
4.4k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......