Oskar Piastri Hytaýyň Gran-prisinde ýeňiji boldy: bu McLaren üçin yzygider ikinji ýeňiş

  • 23.03.2025 17:36
  • 2.4k+

23-nji martda Şanhaýyň ýaryş ýolunda 2025-nji ýylyň “Formula-1” dünýä çempionatynyň ikinji tapgyry tamamlandy. Ýaryşyň ýeňijisi “Maklaren” toparynyň sürüjisi awstraliýaly Oskar Piastri (56 aýlaw) boldy.

Pellehana ikinji bolup onuň topardaşy Lando Norris (+9.748) geldi. Öňdebaryjylaryň üçlügini “Mersedesden” Jorj Rassell (+11.097) jemledi.
Dördünji orny “Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen, bäşinji orny “Ferrariden” Şarl Lekler eýeledi.
Bu “Maklaren” üçin täze möwsümde yzygider ikinji ýeňişdir. Mundan öňki Awstraliýanyň Gran-prisi ýaryşynda Lando Norris ýeňiji bolupdy.
Ýaryş çaknyşyksyz geçmedi: Şarl Lekler (Ferrari) ýaryşyň başynda öz topardaşy Lýuis Hemilton bilen çaknyşyp, bolidiň öň bölegine zeper ýetirdi. Fernando Alonso (Aston Martin) tormoz ulgamy bilen bagly näsazlyk sebäpli ýaryşa gatnaşmagyny bes etdi.
Belläp geçsek, ýedi gezek dünýä çempiony Hemilton düýn Hytaýyň Gran-prisiniň çäklerinde geçirilen sprint ýaryşynda ýeňiji bolup, täze topary “Ferrari” üçin ilkinji ýeňşi getirdi. Şeýle-de, üçlüge Oskar Piastri we häzirki çempion Maks Werstappen girdi.


23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......