Donatella Wersaçe «Woolmark Prize» baýragynyň emin agzalarynyň ýolbaşçylygyna saýlandy

  • 23.03.2025 12:24
  • 3.9k+

Donatella Wersaçe 2025-nji ýylyň halkara «Woolmark Prize» baýragynyň emin agzalarynyň ýolbaşçylygyna saýlandy. Emin agzalarynyň hatarynda Zegna-nyň baş döredijilik müdiri Alessandro Sartori, Off-White-yň sungat müdiri Ib Kamara, şeýle-de Alessandro Del Akwa we Daniel Goldberg bar. Bu barada «WWD» habar berýär.

Eminleriň hataryna mundan başga-da Rupal Patel, Şineýd Býork, suratkeş Hani Dižon, moda synçysy Tim Blenks we «Vanity Fair» žurnalynyň redaksiýa ýolbaşçysy Simona Marketti hem goşular. Baýrak ugrunda bäsleşýän finalistleriň arasynda Dýuran Lantink, Raul Lopes, Reýçel Skott, Maýkl Stýuart, Lui-Gabriel Noçi, Ester Manas, Baltazar Delepýer we Merill Rogge dagy bar.

«Moda dünýäsinde täze nesil zehinleri goldamak häzirki wagtda öňküsindenem has möhüm. Woolmark baýragynyň [gowşurylyş dabarasynyň] biziň öz şäherimiz Milanda geçiriljekdigine we ýaş dizaýnerler bilen duşuşjakdygyma diýseň begenýän. Olaryň hemmesiniň öz ýolunda ýeňiji boljakdygyna ynanýaryn» — diýip, Donatella belläp geçdi.

düýn 13:03
5.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.6k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....