"Windows-yňyzy täzeläň!": Microsoft ulanyjylaryna köpçülikleýin hat ugradyp başlady

  • 22.03.2025 23:34
  • 4.6k+

Microsoft korporasiýasy Windows 10-yň ulanyjylaryna 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda bu operasion ulgamyň goldawynyň bes ediljekdigi barada hat iberip başlady. Bu barada «TechRadar» neşiri habar berýär

Bu şol seneden soň Windows 10 bilen işleýän kompýuterleriň howpsuzlyk täzelenmelerini almajakdygyny aňladýar. Howpsuzlyk täzelenmeleri bolmasa, kompýuter wiruslardan we haker hüjümlerinden goragsyz galýar. Şeýle-de käbir programmalar hem işlemegini bes edip biler.
Microsoft ugradylan hatlarda herekete geçmegiň wagtynyň gelendigini ýatladýar. Kompaniýa kompýuteriňiziň Windows 11-e mugt täzelenmäge laýyklygyny barlamagy maslahat berýär. Hatda muny anyklamak üçin ýörite link hem berilýär. Eger-de kompýuteriňiz Windows 11-i goldamasa, onda Microsoft size Windows 11 bilen enjamlaşdyrylan täze kompýuter satyn almagy maslahat berýär.
Aslynda, köp ulanyjy Windows 10 üçin goldawyň bes ediljekdigini eýýämden bilýär, sebäbi bu barada duýduryşlar operasion ulgamynda hem görkezilýär. Emma Microsoft bu hat arkaly, ulanyjylara «köne wersiýada galyp, howp astynda bolmaň» diýmek isleýär.
Nähili bolsa-da, Microsoft ähli ulanyjylaryň mümkin boldugyça çalt Windows 11-e geçmegini isleýändigini aç-açan görkezýär.


14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
886

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...