720 at güýji bolan Rolls-Royce Cullinan Series II Linea D’Arabo tanyşdyryldy

  • 22.03.2025 22:42
  • 9.3k+

Mansory nemes awtobezeg ussahanasy ýene-de özboluşly taslamasyny hödürledi – bu gezek ol «Rolls-Royce Cullinan Series II Linea D’Arabo» modeli bilen ünsi özüne çekdi. Hemişe bolşy ýaly, bu taslama hem dürlüçe kabul edildi: käbirleri onuň batyrgaý dizaýnyna haýran galdy, käbirleri bolsa ony bezegi boýunça çäkden çykma hökmünde kabul etdi diýip, «autoevolution» neşiri habar berýär.

Bu awtoulag «Mansory Atelier» maksatnamasynyň çäklerinde, kompaniýanyň düýbüni tutan Kuroş Mansoriniň arap medeni mirasyndan ylham alnyp taýýarlanyldy. Kuzowy ýokary hilli karbon elementler bilen bezelen, Mansory logotipi bolsa arap dilinde oýulyp ýazylan. Şeýle-de 24 dýuýmlyk özboluşly mis reňkli süýlüp ýasalan tekerleri ulagyň eksklýuziw stiliniň üstüni ýetirýär.


Salony dolulygyna täzelenen – ýokary hilli deri bilen örtülen we mis reňkli elementler bilen bezelen. Dizaýndaky üýtgeşmelerden daşary, tehniki häsiýetnamalary hem güýçlendirilen. Iki turbinaly 6,75 litrlik V12 hereketlendirijisi indi 720 at güýjüni we 1050 Nm torky öndürýär (öňki «Black Badge» görnüşi 600 at güýjüni we 900 Nm torky üpjün edýärdi). Awtoulag 100 km/sag tizlige bary-ýogy 4,8 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 250 km/sag bilen çäklendirilen.
«Cullinan Series II Linea D’Arabo» modeli Mansory awtobezeg ussahanasynyň şahsylaşdyryş sungatyndaky çäksiz mümkinçiligini ýene bir gezek subut etdi we ol bazardaky iň täsir galdyryjy Cullinan modelleriniň biri boldy.



20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...