Netflix Willi Wonkanyň şokolad fabrikasy barada realiti-şou düşürer

  • 23.03.2025 12:29
  • 2.4k+

Netflix Willi Wonka baradaky hekaýatdan ylham alan “Altyn petek” realiti-şouwynyň düşürilmegine rugsat berdi. Striming gysga tizer bilen kastingiň başlanandygyny habar berdi.

Bu “Çarli we şokolad fabrikasynyň” äheňinde döredilen ilkinji realiti-şou bolar. Onuň gysgaça beýanyna görä, altyn petegi tapan oýunçylar Wonkanyň şokolad fabrikasyna girmäge mümkinçilik alar. Mundan öň olar synaglardan geçmeli bolar.  
“Altyn petegi” döredijiler çylşyrymly saýlawlar we töwekgelçilikler bilen täsirli sosial tejribesini wada berýär. Olar retrofuturistik fantastiki landşaftda bolup geçer.

“Bu başdangeçirmeleri, strategiýalary we sosial dinamikany öz içine alýan özboluşly realiti-şou bir wagtyň özünde hem gyzykly, hem garaşylmadyk boljak tejribäni döredýär. Ilkinji gezek az sanly bagty çüwenler diňe bir tejribäni göz öňüne getirmän, eýsem fabrikanyň içine girip, ony başdan geçirip biler” – diýip, Netflix-de Unscripted bölümçesiniň prezidenti Jeff Gaspin belledi.

“Altyn petegi” döretmek bilen Netflix we Eureka studiýalary meşgullanar. Bu işe 2023-nji ýylyň “Wonka” filminden kadrlary ulanmak üçin Warner Bros. kompaniýalarynyň biri hem goşular diýlip garaşylypdy, ýöne anonsda bu barada aýdylmaýar diýip, Deadline belleýär.
Netflix Roald Dahl Company üçin hukugy 2021-nji ýylda satyn aldy. Bu kompaniýa Willi Wonka baradaky powestiň awtory Roald Dalyň eserlerine bolan hukuga eýeçilik edýär. 


düýn 22:06
370

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......