Audi iki sany täze weriýa bilen Q5 Sportback 2025 hatarynyň üstüni ýetirer

  • 22.03.2025 10:46
  • 2.2k+

Audi uly tanyşdyrylyşyny taýýarlaýar: brend  Q5 we Q5 Sportback 2025 setirini PHEV-iň ikinji nesliniň gibrid görnüşi bilen giňeldýär. Metbugat beýanyna görä, täze wersiýalar goşmaça 2025-nji ýylyň maý aýynda çykar.

Täze modellerde 204 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik TFSI hereketlendirijisi bilen elektrik hereketlendirijisi utgaşdyrylar. Jemi kuwwaty 295 ýa-da 360 at güýji bolar. Elektrik hereketlendirijidäki ýöreýiş ätiýaçlygy 120 km, umumy ýoly 1000 km-den geçer.
Gibridler ähli tigirleri hereketlendirýän quattro-ny, S tronic korobkasyny we 25 minutda 10%-den 80% -e çenli zarýad alýan 26 kWt batareýany alar.
Audi Q5 PHEV-ni dizel modellerine alternatiwa we öz elektrik ulagy Q6 e-tron-na bäsdeş bolup durýar.
Bahalar satuwyň başlanýan wagtyna golaý aýan ediler.


01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...

20.02.2026 08:59
2.4k+

Audi meşhur dört halkasyz ilkinji krossowerini gyşky synaglara çykardy

Audi kompaniýasy Hytaýyň SAIC konserni bilen bilelikde döreden täze AUDI E7X krossoweriniň gyşky synag suratlaryny çap etdi. Bary-ýogy birnäçe aýyň içinde konseptual (taslama) modelden hakyky ýollarda synag edilýän wersiýasyna öwrülen bu ulag Audi-niň Hytaý bazaryndaky täze strategiýasyny aňladýar...

28.01.2026 13:50
2.2k+

Audi täzelenen A5 we Q5 modelleriniň içki bezeginde ýene adaty çözgütlere dolandy

Audi kompaniýasy ABŞ-da içki bezegi we elektron ulgamlary kämilleşdirilen 2026-njy ýylyň A5 we Q5 modellerini tanyşdyrdy. Bu gezek esasy üns dolandyryşyň oňaýlylygyna we hereket wagtynda sürüjiniň ünsüni sowýan faktorlary azaltmaga gönükdirildi...