Mazda 6e Volkswagen ID.7 bilen bäsdeşlige girýär: täze ulag hem arzan, hem baý komplektasiýa eýe

  • 22.03.2025 09:24
  • 3.3k+

Täze Mazda 6e elketrokary Volkswagen ID.7-niň we Tesla Model 3-iň bazardaky orunlaryny elinden almagy wada edip, Ýewropanyň elektrik awtoulag bazaryna çykýar. Modeliň başlangyç bahasy 44 990 ýewro, Long Range wersiýasy bolsa 46590 ýewro bolar.

68,8 kWt batareýaly esasy model 258 at güýjüni öndürýär we bäsdeşlerinden has çalt zarýad almak bilen, 479 km-e çenli aralygy geçýär. 80 kWt akkumulýatorly Long Range kuwwaty biraz pes - 245 at güýji bolsa-da, 552 km geçmegi wada berýär, 10-80% zarýad bermek 47 minut wagt alýar.
Mundan başga-da, Mazda 6e baý enjamlaşdyrylandygy bilen alyjylary begendirer. Onda 19 dýuýmlyk tekerler, panoramaly lýuk, sanly gural paneli we 14,6 dýuýmlyk multimediýa ekrany, Takumi we Takumi Plus komplektasiýalarynda, hatda oturgyçlary şemalladyjy hem bar.
Täze önümi Ýewropada eýýäm sargyt edip bolýar we model awgust aýynda sergi salonlarynda peýda bolar.


düýn 16:05
2.4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......