Tesla Cybertruck tekerleriň üstündäki duşly, proýektorly öýe öwrüldi

  • 21.03.2025 18:55
  • 7.9k+

Space Camper amerikan kompaniýasy Tesla Cybertruck-yň kuzowy üçin ýörite Cap modulyny işläp taýýarlady. Bu modul pikaby köpugurly kempere öwürýär diýip, «Carscoops» neşiri habar berýär.

Adaty görnüşde modul ýönekeý kunga meňzeýär, emma eger ol goşmaça enjamlar bilen enjamlaşdyrylsa, tekerleriň üstündäki öýe ýa-da iş üçin amatly furgona öwrülýär. Onuň içinde ýatmak üçin ýer, duş we açyk asmanyň astynda kino görmek üçin proýektor hem bar.
Ulagyň beýikligi 13 sm artýar, şeýle-de üçegiň aşagyndaky boşluk bolsa 1 metre ýetýär. Cap modulynyň agramy 77 kg, bu bolsa Cybertruck-yň ýol ätiýaçlygyny agramy we aerodinamika sebäpli 4-9% azaldýar.

Üstki gurluşy 300 kg-a çenli ýüki göterýär, şol sebäpdenem onuň üstünde çadyr gurmak hem mümkin. Space Camper açylyp-ýapylýan tentleri, düşekçeleri, tekjeleri, saklaýyş ulgamlaryny we media enjamlaryny hödürleýär. Iş maksatly ulanmak üçin ýörite relsleri we berkidijileri hem goşmak mümkin.
Täzeden enjamlaşdyrmagyň bahasy 6385 dollardan başlaýar.



düýn 23:24
1.8k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.1k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....