Alymlar adamlarda sözleýişiň 135 müň ýyl ozal ýüze çykandygyny we ähli dilleriň köküniň birdigini tassyklaýarlar

  • 22.03.2025 09:15
  • 6.2k+

Alymlar sözüň, takmynan, 135 müň ýyl ozal Homo sapiens-lerde peýda bolandygyny we ýer ýüzünde aragatnaşygyň iň irki görnüşi bolandygyny aýdýarlar. Ondan öň ähli janly-jandarlar öz görnüşleriniň arasynda aragatnaşygyň çylşyrymly - üm dili, göwre hereketleri, taktil aragatnaşyk we ş.m. görnüşlerini ulanypdyrlar.

Häzirki wagtda 7000-den gowrak diliň bardygy mälim, olaryň aglabasy diýen ýaly ýitip gitdi ýa-da öli hasaplanýar. Barlagçylar olardaky aratapawutlara garamazdan, ähli dilleriň bir gadymy köküniň bardygyna ynanýarlar. Dil şejeresi takmynan 135 000 ýyl ozal adamlar aýry-aýry ilatlara bölünmezden öň döräp biler. Takmynan 100 000 ýyl ozal dil eýýäm adamyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Muny arheologiki tapyndylar tassyklaýar. Bezegler, gazma we haşamly nagyşlar özüňi aňlatmagyň simwoliki bölegine öwrülipdir.
Barlag topary dürli derňew usullaryny ulanandygyna garamazdan, bu çaklamany goldaýan 15 sany garaşsyz ylmy işi öwrendi. Genomyň yzygiderliligi, Y hromosoma barlaglary we mitohondrial DNK ýaly genetiki subutnamalar adamlaryň ilkinji gezek ilatlara bölünmeginiň şol döwürde ýüze çykandygyny görkezýär. Alymlaryň pikirine görä, dil soňra ýüze çykan bolsa, onda dilsiz oňýan ýa-da düýbünden başgaça aragatnaşyk usulyny ulanýan adamlar topary saklanyp galardy.
Alymlar uzak adalarda ýitirilen taýpalaryň hem elipbiýiň esasy harplaryny ulanýandyklaryny belleýärler. Käbir taýpalar başga aragatnaşyk serişdelerini hem kemala getiripdirler, ýöne dil esasy bolmagynda galýar.
Aslynda, hut dil adamyň özüni alyp barşynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň ösmegine täsir eden esasy faktor bolup biler. Dil arkaly adam bilimleri nesilden-nesle geçirip we saklap bildi. Adamlar indi hemme zady öz tejribesi bilen öwrenmeli däldi. Bu döredijilige ýol açdy we çylşyrymly zatlary: dürli gap-gaçlary , aw üçin esbaplary döretmekde, dürli ösümlikleri ýygnamakda we ösdürip ýetişdirmekde üstünlik gazandy.
Gyzykly tarapy, alymlaryň hemmesi bu nukdaýnazar bilen ylalaşyp baranok. Birnäçe arheologlar Homo sapiens-iň özüni alyp barşynda üýtgeşmeleriň kem-kemden bolup geçendigini we diliň diňe kömekçi rol oýnandygyny aýdýarlar. Has çylşyrymly jemgyýetçilik gurluşlarynyň ösmegi we täze materiallar bilen geçirilen synaglar bu üýtgeşmelere geplemek ukyby ýaly goşant goşup biler. Mundan başga-da, lingwistik endikler adamda üýtgeşik bir aýratynlyk däl, sebäbi şuňa meňzeş aragatnaşyk elementleri köp haýwanlarda hem bolýar. Şeýle-de bolsa, çylşyrymly nyşanlaryň, metaforalaryň we abstrakt düşünjeleriň ulanylmagy Homo sapiens-iň özboluşly aýratynlygy bolmagynda galýar.


şu gün 17:37
564

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......