Türkmenistanda deňizçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçiriler

  • 21.03.2025 15:00
  • 3.8k+

Türkmenistanda deňizçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli okuw maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, okuw maslahatynyň dowamynda dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Okuw maslahatyna “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagy, şeýle-de gyzyklanma bildirýän beýleki döwlet we hususy taraplaryň çagyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Agentligiň ýolbaşçysy bu okuw maslahatynyň geçirilmeginiň ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglary pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini has-da ýokarlandyrmaga itergi berjekdigini aýdyp, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow deňiz ulagy boýunça okuw maslahatynyň ýokary derejede geçirilmelidigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......