Türkmenistanyň Küşt federasiýasy onlaýn görkezişli täze Gran-pri ýaryşyny başlatdy

  • 20.03.2025 12:32
  • 2.1k+

Türkmenistanyň Küşt federasiýasy täze Gran-pri seriýaly ýaryşyny döretdi. Bäsleşikler ýurduň ähli sebitlerini öz içine alar, iň gowy oýunçylar bolsa 2026-njy ýylyň ýokary ligasyna geçmek ugrunda bäsleşerler.

Bu ýaryş diňe bir ýurdumyzyň dürli künjeklerinden oýunçylaryň ussatlygyny kämilleşdirmek üçin meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, küşt sportuny has giňden wagyz etmek üçin guralýar. Seriýa klassiki görnüşde alty tapgyrdan ybarat bolar.
Birinji tapgyr eýýäm Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde başlandy. Oňa jemi 127 oýunçy gatnaşýar: açyk kategoriýada 83, zenanlar kategoriýasynda bolsa 44 küştçi. Tapgyrlaryň jemi boýunça her kategoriýada iň gowy 16 oýunçy final pleý-off-yna çykyp, 2026-njy ýylyň ýokary ligasyna geçmek we milli ýygyndy toparyň düzümine girmek ugrunda göreşerler.
Bu ýaryşyň aýratynlygy – Türkmenistanda ilkinji gezek oýunlaryň onlaýn göni ýaýlymda görkezilmegidir. Küşt tagtalaryna we figuralaryna ornaşdyrylan sensorlaryň kömegi bilen her ädim sanlylaşdyrylýar we DGT LiveChess programmasy arkaly Lichess platformasyna geçirilýär. Netijede, tomaşaçylar tutuş dünýä boýunça oýunlary yzarlaýar, oýunçylaryň sagatlaryna seredip, her pursady bilelikde başdan geçirip bilerler.
Häzirki wagtda açyk kategoriýada 7, zenanlar kategoriýasynda bolsa 3 tagtadaky duşuşyklar ýaýlyma berilýär. Ýöne guramaçylar bu sany artdyrmak ugrunda iş alyp barýarlar.
Tehniki tarapy Niderlandlaryň DGT kompaniýasy we Türkmenistanyň «Imdat Elektronika» kompaniýasy üpjün edýär. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bu täzeçillikleriň sportuň bu görnüşine täze tomaşaçylary çekjekdigine ynanýar.


18.06.2026 14:40
4.1k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......