Jonatan Anderson Loewe-niň döredijilik müdiri wezipesini terk edýär

  • 20.03.2025 07:42
  • 2.4k+

Jonatan Anderson Loewe-niň döredijilik müdiri wezipesinden aýrylýar. Ol bu moda öýüne 11 ýyl bäri ýolbaşçylyk edip gelýärdi diýip, «WWD» habar berýär.

«Loewe-de işlän ilkinji günümden başlap, men dizaýn studiýasynda we atelýede öz pikirdeşlerimi tapdym, olaryň zehinleri şol wagtam, häzirem deňsiz-taýsyz. Yzyma seredip, bir zada akyl ýetirdim: brend ilkinji görkezilişde ýa-da ilkinji ýylynda döremeýär, ol tapgyrlaýyn gurulýar, möwsümme-möwsüm, ýylba-ýyldan brendiň öz dogry ugry esasynda kemala gelýär» — diýip, Anderson sosial torlarynda ýazdy.

Şeýle-de ol Loewe-däki iň uly üstünlikleriniň biri hökmünde, «Craft Prize» baýragyny ýola goýandygyny belledi. Ol gaznanyň işgärlerine, emin agzalaryna we hünärmenlerine eden yhlaslary hem-de sarp eden gymmatly wagtlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Brend Andersonyň indiki ädimi we onuň ýerine kimiň geçjekdigi barada häzirlikçe resmi maglumat bermedi. Loewe-niň ýolbaşçylygyna Proenza Schouler-iň öňki döredijilik müdirleri – ýanwar aýynda Nýu-Ýorkdaky brendlerinden aýrylan Jek Makkalou we Lazaro Ernandes geçip biler diýlip çaklanylýar.

düýn 23:49
1.1k+

Louis Vuitton we Pinarello bilelikde welosiped nusgasyny döretdiler

Louis Vuitton kompaniýasy konseptual welosiped döretdi. Ol Parižde geçirilýän Moda hepdeliginiň çäginde Louis Vuitton-yň erkekler üçin 2027-nji ýyl ýaz-tomus toplumynyň görkezilişinde tanyşdyryldy....

11.06.2026 13:03
7.6k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....