Türkmenistanyň bilim ministri Malaýziýanyň ilçisi bilen duşuşdy

  • 19.03.2025 15:11
  • 5.2k+

17-nji martda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Malaýziýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi, ýokary bilim we hünär taýýarlygy, şeýle-de ýaşlaryň bilim mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny işläp taýýarlamak, şol sanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça teklipler öňe sürüldi. Şeýle hem Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Türkmenistanda geçirilýän halkara olimpiadalara we bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy babatda pikir alşyldy.
Türkmenistanyň bilim ministri ilçä Türkmenistanda geçiriljek Mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasyna malaýziýaly okuwçylaryň gatnaşmagy üçin çakylyk hatyň iberilendigini belläp, bu çäräniň iki ýurduň bilim gatnaşyklarynyň has-da berkemegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, geçen ýylyň ahyrynda gol çekilen resminamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça iş meýilnamalaryň taýýarlanandygy beýan edildi.
Türkmenistanyň bilim ministrligi Malaýziýanyň hökümeti tarapyndan türkmen talyplary üçin talyp haklarynyň (scholarship) hödürlenmegi mümkinçiligini öwrenmegi haýyş edip, bu başlangyç bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyra çykjakdygyna ynam bildirdi.
Öz nobatynda, Malaýziýanyň ilçisi hödürlenen teklipler üçin minnetdarlyk bildirip, Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda orta hünär okuw mekdepleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky teklibini beýan etdi.


08.06.2026 23:01
2.6k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......