«Time Out» žurnaly dünýäniň iň gowy tagamlarynyň jemlenen şäherleriniň sanawyny düzdi

  • 19.03.2025 14:45
  • 8.6k+

«Time Out» žurnaly dünýäniň iň gowy gastronomiki şäherleriniň reýtingini hödürledi. Bu reýtingde birinji orny ABŞ-nyň Luiziana ştatynda ýerleşýän Täze Orlean şäheri eýeledi.

Soragnama 18,5 müňden gowrak adam gatnaşdy. Gatnaşyjylar Täze Orleanyň fransuz, ispan, wýetnam we afrika aşhanalarynyň özboluşly garyndysy barada aýratyn belläp geçdiler. Şäheriň iň meşhur tagamlary hökmünde gambo, jambalaýa we binetler görkezildi.

Ikinji orny Bangkok şäheri (Tailand) eýeledi. Bu şäherde Mişlen ýyldyzy bilen sylaglanan kaşaň restoranlardan başlap, bahasy bary-ýogy 3 dollar bolan meşhur köçe tagamlaryna çenli dürli görnüşler bar.

Üçünji orny Kolumbiýa Respublikasynyň Medelin şäheri eýeledi. Ol soragnama gatnaşyjylary arzan bahaly we ýokary hilli kofesi bilen haýran galdyrypdyr.

Dördünji orunda bolsa, Günorta Afrikanyň (GAR) Keýptaun şäheri ýerleşdi. Bu şäheriň kenarýaka naharlary, esasanam deňiz önümleri soragnama gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekipdir.

Sanawyň indiki orunlarynda dürli we üýtgeşik täze aşhanalary bilen Madrid hem-de soňky ýyllarda halkara gurmanlar üçin esasy ugurlaryň birine öwrülen Mehiko şäheri ýerleşýär.

Ilkinji 10-luga giren beýleki şäherler: Lagos, Şanhaý, Pariž we Jakarta. Şeýle-de ilkinji 20-lige girenler: Marrakeş, Lima, Er-Riýad, Mumbai, Abu-Dabi, Portu, Monreal, Neapol we San-Hose.




10.06.2026 16:40
3k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7.1k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......