Iň köp satylan ulagyň döwri tamamlandy: Tesla Model Y önümçilikden aýrylýar

  • 19.03.2025 14:09
  • 4.8k+

Tesla ABŞ-da nusgawy Model Y ulagynyň önümçiligini resmi taýdan togtadyp, ony saýtda onlaýn konfiguratordan aýyrdy. Indi alyjylara diňe Juniper kod ady bilen täzelenen wersiýa elýeterlidir.

Bu ädim bazary üýtgeden modeliň taryhyny soňlaýar: JATO Dynamics-iň maglumatlaryna görä, Model Y 2023-nji we 2024-nji ýyllarda Toyota Corolla bilen RAV4-den öňe geçip, dünýäde iň köp satylan ulag boldy.
Ol elektromobilleriň ösüşini güýçlendirip, bäsdeşleri şeýle ulaglary taýýarlamakda tijenmäge iterdi.
Täzelenen Model Y akgynly sürüş üçin kämilleşdirilen asgyja (podweska), gaýtadan işlenen interýere we rahatlyga gönükdirilen täze tehnologiýalara eýe boldy.
Önümçilik tamamlanan bolsa-da, nusgawy wersiýanyň galyndylaryny dilerlerde tapmak bolýar. Şol bir wagtyň özünde, bazara gatnaşyjylary modeliň täzelenen wersiýasynyň özünden öňkiniň üstünligini gaýtalap biljekdigi ýa-da ýokdugy gyzyklandyrýar.


düýn 19:02
892

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......

düýn 14:52
1.4k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

07.05.2026 11:15
1.9k+

Ferrari Luce dünýäniň iň gymmat tapgyrlaýyn elektrokary adyna dalaş edýär

Ferrari markasynyň Luce diýlip atlandyrylan ilkinji doly derejeli elektromobili dünýäde iň gymmat seriýaly elektrokar bolup biler. Onuň deslapky bahasy 550 müň ýewro möçberinde çaklanylýar....