Barlaglar adamlaryň özbaşdak pikirleniş ukyplarynyň peselýändigini görkezýär

  • 19.03.2025 11:17
  • 2.7k+

Uly ýaşlylaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň kognitiw (aň-düşünje) başarnyklary öňküsinden peselýär – adamlar ünsüni jemlemekde, meseleleri çözmekde, pikirlenmekde we täze zatlary öwrenmekde barha kynçylyk çekýärler. Şeýle netijäni Miçigan uniwersitetiniň gözleglerine salgylanyp, «Financial Times» neşiriniň gözleg bölüminiň ýolbaşçysy Jon Bern-Merdok ýazýar.

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý 2010-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri dowam edip gelýär we COVID-19 pandemiýasyndan soň has-da güýçlendi. Okuwçylaryň bilim derejelerini bahalandyrmak boýunça halkara maksatnamanyň (PISA) çäklerinde geçirilen synaglaryň netijeleri, ýokary girdejili ýurtlarda ýaşaýan uly ýaşlylar we ýetginjekler üçin ortaça görkezijileriň 2012-nji ýyldan bäri yzygiderli peselýändigini görkezýär.
Bu tendensiýany beýniniň biologik üýtgeşmeleri bilen düşündirip bolmaýar. Bern-Merdok munuň esasy sebäbini adamlaryň maglumatlary kabul ediş endikleriniň düýpli özgermegi bilen baglanyşdyrýar.
Bir tarapdan, adamlar kitap okamaga bolan gyzyklanmalaryny hem ýitirýärler: 2022-nji ýylda amerikalylaryň bary-ýogy 37,6%-i iň bolmanda bir sany edebi eser okapdyr (2012-nji ýylda bu görkeziji 45,2% bolupdy). Hiç çeper eser okap görmedik ýetginjekleriň sany bolsa taryhda iň ýokary derejä ýetdi. Şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna (OECD) girýän ýurtlarda sowatlylyk we hasap başarnyklary boýunça kynçylyk çekýän ulularyň sany barha köpelýär. Bu hadysalaryň ählisi, esasan, 2010-njy ýyldan soň ýüze çykyp başlady.

Analitik munuň üçin üç sebäbi belleýär:

  1. Sosial torlaryň algoritmleri adamlaryň aragatnaşygyny çäklendirip, olary maglumatlary passiw kabul edýän tomaşaça öwürdi.
  2. Uzyn tekstleriň deregine, «hemme zady düşündirýän» örän ýönekeýleşdirilen maglumatlar peýda boldy.
  3. Telefonlardan we kompýuterlerden gelýän yzygiderli bildirişler adamlaryň ünsüni bölüp, pikirini jemlemek ukybyny peseldýär.

«Passiw maglumat sarp ediş we [ünsüň] yzygiderli bölünmegi dilden maglumatlary işlemek, iş ýadyna we öz-özüňi dolandyrmak ukybyna zyýan ýetirýär» — diýip, bilermen belleýär.


17.06.2026 11:37
4.8k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.6k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.6k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......