Huawei-niň HarmonyOS-y Hytaýda iOS-den öňe geçdi

  • 19.03.2025 06:11
  • 2.1k+

Huawei kompaniýasynyň HarmonyOS operasion ulgamy Hytaý bazarynda iOS-den öňe geçdi. «Counterpoint Research-yň» maglumatlaryna görä, HarmonyOS bazaryň 19%-ini eýeleýär, bu iOS bilen deňeşdirilende 2% köpdür.

Android ulgamy bolsa henizem Hytaý bazarynda agdyklyk edýär. 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde Android 64% bazar paýyna eýe boldy. Huawei hem Hytaýyň smartfon bazarynda öňdeligi eýeläp, şol döwürde 18,1%-lik paý aldy.
Çaklamalara görä, hökümetiň kömeginiň netijesinde HarmonyOS ulgamynyň meşhurlygy has-da artyp biler. Hytaý hökümeti ykdysadyýeti goldamak maksady bilen, bahasy 6 müň ýuana (800 dollara) çenli bolan smartfonlary satyn alýanlara 500 ýuan (70 dollar) möçberinde kömek berýär.
Emma dünýä derejesinde ýagdaýlar başgaça: Android 74% bazar paýy bilen öňdebaryjylygyny saklap galýar. Apple bolsa 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde bazardaky paýyny 16%-den 22%-e çenli artdyrdy. Huawei-niň global bazardaky paýy bolsa üýtgemän, 4% derejesinde galdy. Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň Hytaýda gazanan üstünligi onuň geljekde dünýä bazaryndaky görkezijilerine oňyn täsir edip biler.


düýn 11:17
3.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....