Google täze funksiýalar bilen Android 16-nyň üçünji beta wersiýasyny çykardy

  • 18.03.2025 18:34
  • 2.7k+

Google kompaniýasy Platform Stability tapgyryna ýeten Android 16 Beta 3-i çykardy. Bu indi ähli programma interfeýsleriniň (API) gutarnykly berkidilendigini we işläp düzüjileriň programmalary üýtgeşme töwekgelçiligi bolmazdan adaptirläp biljekdigini aňladýar. Täzelenme täze howpsuzlyk, elýeterlilik we energiýa tygşytlylygy funksiýalaryny hem öz içine alýar.

Google-iň meýilnamasyna görä, aprel aýynda ýene bir ýalňyşlyklary düzetjek täzelenme çykar, Android 16-nyň ahyrky wersiýasyna bolsa 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde garaşylýar. Soňky birnäçe ýylda ilkinji gezek kompaniýa relizleriň shemasyny üýtgetdi: dördünji çärýekde täze wersiýanyň deregine kiçiräk täzelenme çykar.
Şeýle-de, kompaniýa Android 16-nyň mümkin boldugyndan has köp enjamlary gurşap almagy üçin hyzmatdaşlar bilen işleşýändigini aýtdy.

Täze funksiýalar
Beta 3 eşidiş enjamlary üçin Bluetooth LE arkaly ses geçiriş tehnologiýasyny – Auracast goldawyny goşdy. Eşitmekde kynçylyk çekýän adamlar gönüden-göni Android 16 gurluşlaryna birigip biler. Şeýle-de, görşi gowşak bolan ulanyjylar üçin okamagy aňsatlaşdyrýan kontur tekst funksiýasy peýda boldy.

Energiýa tygşytlylygy
Pixel smartfonlarynyň eýelerine akkumulýatoryň ýagdaýyny yzarlamaga mümkinçilik berýän Battery Health sahypasy goşuldy. Ol akkumulýatoryň galan sygymyny we onuň hyzmat ediş möhletini uzaltmak boýunça teklipleri görkezýär. Teklipler şu aşakdakylary öz içine alýar:

  • ·Programma üpjünçiligini täzelemek;
  • ·Adaptiw zarýad berijini işjeňleşdirmek;
  • ·Aşa temperaturalardan gaça durmak.

Interfeýs we habarnamalar
Sazlamalar menýusy täzelendi. Täze dizaýn goşmaça menýu elementlerini Material You stilindäki kartoçkalara ýerleşdirýär. Bu interfeýsi has düşnükli we tertipli edýär.
Goşmaça menýularyň sözbaşylary ekranyň iň ýokarsyna, yza gaýdyş düwmesiniň gapdalyna geçirildi. Bu ekranda ýeri tygşytlamaga we has köp sazlamalary görkezmäge mümkinçilik berýär.
Ýene bir uly bolmadyk, ýöne göze ilýän üýtgeşme – soňky programmalar menýusynda programma nyşanyna basanyňda täze “Close” opsiýasynyň peýda bolmagydyr. Bu programmany ýapmak üçin adaty ýokary aýryp goýbermek ýaly bir zat bolup, onuň işleýşi hem birmeňzeş – ol programmanyň işini doly togtatmaýar-da, ony ýönekeý ýapýar.
Beta 3 kodunda meňzeş habarnamalary bir topara jemläp, olaryň gysgaça beýanyny düzjek Summarized Notifications funksiýasy tapyldy.
Android 16 Beta 3 Pixel 6 we has täze smartfonlar üçin elýeterlidir. 


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......