iPhone 16e çydamlylyk synagyndan geçirildi: epip bolmady, emma çyzmak başartdy

  • 18.03.2025 08:02
  • 5.5k+

Meşhur YouTube blogeri JerryRigEverything (Zak Nelson) täze çykan iPhone 16e smartfonyny çydamlylyk synagyndan geçirdi. Ol smartfony epip bilmedi, emma gyralaryny çyzmagy başardy.

Ilki bilen Nelson smartfonyň ekranyny we gapdal taraplaryny çyzmaga synanyşdy. Ol iPhone 16-daky täze görnüşe garanyňda, 16e-däki Ceramic Shield gorag aýnasynyň çyzylmalara garşy durnuklylygynyň has pesdigini tassyklady. Alýumin çarçuwalary we düwmeleri aňsatlyk bilen çyzylýar.
Nelson öňki gezek Samsung Galaxy S25 Ultra edişi ýaly, munuň hem kamerasynyň daşyndaky halkany aýyrmaga çalyşdy. S25 Ultra-dan tapawutlylykda, ol ýerinden gozgamady.

Şondan soň bloger 16e-ni sökmäge girişdi. Ol elektrik togy bilen AKB-ny sökmegiň täze usulyny öwdi – bu dizaýn iPhone 16 bilen peýda bolupdy. Akkumulýatorynyň sygymy – 4005 mA·sag.
Soň Nelson iPhone 16e-niň kamerasynda Sensor-Shift stabilizasiýasynyň ýokdugyny tassyklady. Bu ulgam ilkinji gezek iPhone 13-de peýda bolupdy. Sensor-Shift ulgamynda stabilizasiýa has gowulaşýar, sebäbi ulgama obýektiw däl-de, sensor ýerleşdirilýär.


11.04.2026 14:59
7.7k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...