Samsung Galaxy S25 Ultra epildi, ýakyldy we çyzyldy: smartfon çydamlylyk synagyndan geçirildi

  • 03.02.2025 17:37
  • 12k+

9 milliondan gowrak agzasy bolan meşhur bloger JerryRigEverything (Zak Nelson) täze çykan Samsung Galaxy S25 Ultra smartfonyny çydamlylyk synagyndan geçirdi.

Adaty bolşy ýaly, smartfonyň ekranyny Moos şkalasy boýunça 6 berklik derejesindäki material bilen çyzyp bolýar – bu bolsa adaty smartfonlar üçin täzelik däl.
Bloger bu gezek kameranyň modullarynyň töweregindäki halkalary aýryp görmäge karar berdi we muny başardy. Olar örän berk ýelimlenipdir, şonuň üçin adaty ulanyşda bular bilen bagly hiç hili kynçylyk ýüze çykmaly däl.
Epilmäge bolan durnuklylygy babatda bolsa, Samsung-yň flagmany hiç hili kemçilik görkezmedi – ol gaty berk gurluşa eýe bolup çykdy.


11.04.2026 14:59
7.8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.2k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...