«Neçža 2» iň köp girdeji gazanan filmleriň ilkinji 5-ligine girdi. Ony 300 milliondan gowrak tomaşaçy gördi

  • 17.03.2025 23:15
  • 2.4k+

Hytaýyň «Neçža aždarhalaryň şasyny ýeňýär» (Нэчжа побеждает царя драконов) multifilmi kinoteatrlarda 2,09 milliard dollardan gowrak girdeji toplady.

Bu üstünlik multifilmi taryhdaky iň köp girdeji gazanan filmleriň arasynda bäşinji orna çykardy we «Ýyldyz söweşleri: Güýjüň oýanmagy» (Звёздные войны: Пробуждение Силы) filminden öňe geçirdi. Ol indi «Titanikden» (Титаник) öňe geçmeli – 2,26 mlrd dollar.
«Deadline» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu multifilmi 300 milliondan gowrak adam gördi. Bu san dünýäde diňe Hytaýyň, Hindistanyň we ABŞ-nyň ilatyndan az bolup durýar.
Bu görkeziji multfilmi Hytaý ilatynyň, takmynan, 21%-i, ýagny her bäş adamdan biri gördi diýmek bolýar.

Iň köp girdeji gazanan filmleriň ilkinji 5-ligi:

  1. «Awatar» (Аватар) – 2,92 mlrd dollar
  2. «Ar alyjylar: Final» (Мстители: Финал) – 2,79 mlrd dollar
  3. «Awatar: Suwuň ýoly» (Аватар: Путь воды) – 2,32 mlrd dollar
  4. «Titanik» (Титаник) – 2,26 mlrd dollar
  5. «Neçža 2» (Нэчжа 2) – 2,09 mlrd dollar

düýn 15:52
970

«Super Mario: Galaktika kinosy» 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi

«Super Mario: Galaktika kinosy» filmi görkezilişiniň üçünji uik-endinde 35 million dollar ýygnady. Indi dünýä boýunça jemi 747 million dollar girdeji gazanan bu film 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi......

24.04.2026 19:16
3.1k+

Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär....

24.04.2026 14:38
767

Warner Bros.-yň paýdarlary Paramount bilen birleşmegi makulladylar

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň paýdarlary Paramount kompaniýasynyň aktiwlerini satyn almak baradaky ylalaşygy köplük ses arkaly goldadylar....

24.04.2026 10:37
1.6k+

Paramount «Top Gan 3» filminiň üstünde işleriň başlanandygyny resmi taýdan tassyklady

Paramount studiýasynyň kino bölüminiň ýolbaşçysy Joş Grinstin «Top Gan 3» filminiň önümçiligine badalga berlendigini resmi taýdan yglan etdi....